Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Pedagogikanyň umumy esaslary


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet16/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Pedagogikanyň umumy esaslary
– şol bir döwri geçenden soňra onuň aňynda emele gelen täze-
likler.
Ulular her döwre görä çaganyň ýaşaýşyny guramak, onuň 
isleglerini, meýillerini kanagatlandyrmak, oňa medeni durmuşyň 
gowy taraplaryny öwretmek arkaly şahsyýetiň kemala gelmegini 
gazanýarlar.
Maksatnama aşakdaky bölümleri öz içine alýar:
– mähriban ýurdumyza we Hormatly Prezidentimize söýgüni ter-
biýelemek;
– çagalary taryhy şahslaryň mysalynda terbiýelemek;
– çagalary edebi şahslaryň mysalynda terbiýelemek;
– çagalara halk döredijiligi esasynda terbiýe bermek;
– çagalara garaşsyzlyk, bitaraplyk düşünjelerini öwretmek;
– çagalary Türkmenistanyň Döwlet nyşanlaryna hormat duýgusy 
esasynda terbiýe lemek;
– çagalaryň çeperçilik ösüşini terbiýelemek;
– akyl ösüşi;
– sözleýşiň ösüşi;
– beden terbiýesi we çagalaryň saglygyny goramak;
– aýdym we saz barada düşünje bermek;
– şekillendiriş sungaty;
– gurnamak işi;
– amaly-haşam sungaty barada düşünje bermek;
– sowat öwretmegiň başlangyç döwri;
– çaganyň özüne mahsus aýratynlyklaryny ösdürmek;
– çaganyň durmuşy endiklerini ösdürmek;
–mekdebe taýýarlamagyň ugurlary.
Bu maksatnama çaganyň her bir ösüş döwrüne we ugruna degişli 
ýörite hem anyk maksatnamalary düzmek we çagalar baglarynda 
bilimdir terbiýe bermegi belli bir tertipde amal etmek üçin umumy 
ýörelge hökmünde hyzmat edýär.
Çagalar bagynyň milli maksatnamasy ýerli, tebigy, milli we dil 
aýratynlyklary göz öňüne tutulyp, ylmy esasda düzülendir. 
Körpelere ilkinji bilimleri öwretmek, terbiýelemek işi ösen dünýä 
ýurtlarynyňka gabat gelmelidir. Ösüp barýan körpe nesle döwrebap 


30
i bap
terbiýe we bilim berýän milli maksatnamamyz wagtyň geçmegi bilen 
kämilleşmelidir we üsti ýetirilmelidir.
Maksatnamada çagalar bagynda bolýan ähli pursatlar, okuw ter-
biýesini öz içine alýan, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä düzülen 
gün tertibi, onda alnyp barylmaly pedagogik çäreler düşnükli we 
takyk görkezilýär. 
Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda berilýän bilim we 
terbiýe ähli toparlaryň arasynda özara baglanyşdyrylmalydyr. Olara 
berilýän bilim we terbiýe çagalaryň ösüş aýratynlyklaryny göz öňünde 
tutmalydyr.
Çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynyň maksat na ma-
synyň mazmuny mekdep maksatnamasy bilen üznüksiz baglanşykda 
bolmalydyr. Maksatnamanyň talaplaryny doly we dogry berjaý etmek, 
mek debe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň her bir işgäriniň mukaddes 
borjudyr. 
Maksatnamanyň başynda düşündiriş haty bolup, onuň bilen işle-
ýän her bir işgär ony gowy okap, tanyş bolmalydyr. Maksatnamasy-
nyň esasynda her bir terbiýeçi özüniň iş meýilnamasyny düzýär.
Amaly iş. Maksatnamanyň mazmunyny her topar boýunça öw-
renmek, seljermek we olara häsiýetnama bermek. Maksatnmanyň 
mazmunyny ýerli şertlere, howa şertine görä käbir bolup biläýjek 
üýtgeşmeleri seljermek. Çagalar bagynyň maksatnamasynda okuw- 
terbiýeçilik işlerine degişli maglumatlary mekdep maksatnamasyn-
daky işler bilen deňeşdirip seljermek. 



Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling