Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Irki ýaşdaky çagalary terbiýelemegiň wezipesi


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet18/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Irki ýaşdaky çagalary terbiýelemegiň wezipesi. Irki ýaşda ky 
çagalary terbiýelemegiň wezipesi hem mekdebe çenli ýaşdaky ça-
galary terbiýelemegiňki bilen birmeňzeşdir. Olar hem uly ýaşdakylar 
ýaly beden, akyl, ahlak we gözellik taýdan terbiýelenýärler.
Beden terbiýesi. Irki ýaşdaky çagalara berilýän terbiýäniň esa-
sylarynyň biri be den terbiýesidir. Ilki bilen çaganyň saglygy barada 
alada etmeli, onuň ke sellemezliginiň önüni almaly, bedenini yssa we 
sowuga kem-kem den öwrenişdirmeli. Beden terbiýesini dogry ýola 
goý mak üçin çaga nyň gün tertibini ylmy taýdan kadaly guramaly 
we ony dogry alyp barmaly. Çaganyň iýmiti onuň ýaş aýratynlygyna 
ga bat gelmelidir hem-de gün tertibi boýunça görkezilen wagtynda 
berilse çaga beden taýdan kadaly ösýär.
Çaganyň ukusy hem wagtly-wagtynda talabalaýyk bolmalydyr. 
Çaga gowy uklasa, açyk howada gezse gowy nahar iýýär. Durmuşda 
käbir çagalar nahary işdäsiz iýýärler. Şonda uly adamlar olary zor 
bi len naharlaýarlar. Şeýle etmek çaganyň işdäsini has-da peseldýär 
hem-de şol nahar aşgazanda ýaramaz özleşdirilýär.
Irki ýaşdaky çagalar bilen bedeni ösdüriji owkalamak maşk la ry -
ny dogry guramagyň olaryň beden taýdan kadaly ösmeginde ähmi ýe ti 
ulu dyr. Olaryň bolýan otagynda çagalaryň beden taýdan ösmegi üçin 
manež, depejik (gorka), ýapgyt merdiwanjyk we çagalaryň ýaşyna 
görä oýnawaçlar hem-de degişli şekiller ge rek dir.


33
Irki ýaşdaky çagalaryň ösüşi we terbiýesi
I.P. Pawlow “Çaganyň erbet emosional ýadaýy onyň beden taý-
dan dogry ösmegine pes täsir edýär” diýip belleýär. Çagalaryň bir to-
par dan beýleki topara geçmegi, terbiýeçisiniň, enekesiniň çalşyp dur-
magy hem çagalaryň terbiýesine täsir edýär.
Çagalar edarasyndaky gün tertibi bilen maşgaladaky gün tertibi 
berk arabaglanyşykda bolmalydyr. Onuň ata-enesinden çaganyň gün 
tertibi barada, özbaşdak edip bilýän işleri barada, söýgüli oýnawaç la-
ry, gowy görýän nahary we başga zatlar barada terbiýeçi sorap bilme-
lidir. 
Irki ýaşdaky çaganyň beden terbiýesiniň dogry guralmagy olaryň 
akyl we ahlak taýdan hemmetaraplaýyn ösmegine şert döredýär. Bi-
ziň Garaşsyz hem-de baky Bitarap ýurdumyz ulularyň we ýaşlaryň 
sagdyn bolmagy, gujurly Watan goraýjylary bolup ýetişmekleri üçin 
hiç bir zady gaýgyrmaýar. Şonuň üçin häzirki döwürde çagalaryň 
beden taýdan sagdyn ösmekleri üçin dürli işler durmuşa geçirilýär. 
Çaga dünýä inenden başlap, olaryň sagdyn ösüşine lukmanlar häli-
şindi gözegçilik edýär.

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling