Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Çaganyň 2,5-3 aýlykdan 5-6 aýlyga çenli döwri


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet21/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Çaganyň 2,5-3 aýlykdan 5-6 aýlyga çenli döwri. Şu ýaş döwür-
däki çagalaryň görüş we eşidiş organlary ösüp,, ses çykaryş täsiri, eli 
bilen tutmak ýaly hereketler edip başlaýar. Çaganyň bu döwründe 
psihiki taý dan ösüşinde uly üýtgeşmeler bolýar. Çaga bu döwürde 
sesleri, reňk leri, predmetleriň şekillerini tertipläp bilmegi başarýar. 
Şu döwürde çaganyň eşidişi gowulanýar. Käbir sesleri çykaryp bil-
megine şatlanýar. Ol çekimli “a-a-a” seslerini birnäçe gezek gaýta-
laýar. Öňki aýdyp bilýän seslerine täze sesleri goşup gaýtalaýar – “ba-
ba-ba-ba...” 
Bu ýaşdaky çagalary manežde saklamaly we olara dürli açyk 
reňkdäki oýna waçlary görkezmeli. Ol oýnawaçlary wagtly-wagtynda 
çalşyryp dur maly. 
Çagalaryň 5-6 aýlykdan 9-10 aýlyga çenli döwri. Bu ýaşdaky 
çaga emedekläp bilýär. Käbir sesleri, bogunlary aýdyp bilýär. Çaga-
nyň emedekläp başlamagy hem uly üstünlikdir. Ol ýerden hereket 
edip, öz islän ýerine baryp bilýär. Çaga oňa begenýär, şatlanýar. Eme-
deklemegiň çaga üçin peýdasy örän köpdür. Çagalara oturmakdan 
öň emedeklemek öwredilmelidir. Emedeklemek çaganyň süňklerini 
ösdür ýär we berkidýär. 8-9 aýlykdan öň oturmagy öwretmek çaganyň 
saglygy üçin zyýanlydyr.
Çagalaryň 9-10 aýlykdan 1 ýaşa çenli döwri. Çaga bu dö wür-
de pshiki taýdan dogry ösmegi üçin köp mümkinçilikler alýar. Çaga 
bu döwürde özbaşdak ýöremäni başaryp bilýär. Oýnawaçlar bi len 
özbaşdak oýnap bilýär. Uly adamlaryň edýän işlerini, aýdýan sözleri-
ni gaýtalamany halaýarlar. Ýöremek üçin çaganyň süňküniň dogry 
we kadaly ösmegi zerurdyr. Çaga emedeklemegiň üsti bilen süňk-
myşsa ulgamyny ösdürýär. Bu hem onuň ýöremegi üçin zerurdyr. 
9-10 aýlyk çaga predmetden tutup, beýiklige çykmagy başarýar. 11 
aýlyk çagalaryň köpüsi özbaşdak ýöräp bilýärler. Çaga predmetlere 


37

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling