Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet24/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Işjeň sözleýiş. Iki ýaşyň başynda çagalar söz baýlygyny art-
dyryp başlaýarlar. Olaryň sözlük düzümi emosional ýagdaýlaryna 
bag ly bolup, olaryň hemme hereketlerini aňladýarlar. Çagalaryň ösü-
şiniň görkezijilerine görä, 1,5 ýaşdaky çagalaryň söz baýlygy 30 söze 
ýakyn bolýar, iki ýaşynda bolsa 200-300 söze ýakyn bolýar. 
Iki ýaşynda çagalar ýönekeýje sözleri aýdyp bilýärler. Iki ýaşy-
nyň ahyrlarynda bolsa, olar öz sözlerinde at çalyşmalaryny ulanýarlar. 
Çaganyň birinji sözlemleri bir sözden ybarat bolýar. Ýagdaýa bagly-
lykda ol sözlemiň manysy üýtgäp bilýär, ýagny çaganyň “eje” diýen 
sözi, bir ýagdaýda “meni göter”, diýen manyny berse, beýleki bir 
ýag daýda “topy ber” diýen manyny hem aňladyp biler. Iki ýaşynyň 
ahyrynda sözlemde 3-4 söz bolup biler. Çagalar sözleýän sözlerinde 
ýalňyşlyk goýberseler-de, sözleri düşümde, sanda üýtgedip aýdýarlar. 
Çaganyň sözlük baýlygy ulular bilen gepleşende baýlaşyp biler. 
Bu ýagdaý hem uly adamyň çaga bilen dürli ýagdaýlarda gürleşip 
dur mak, uly adamyň çagalar bilen dürli temalar barada gepleşmek 
ze rurlygyny ýüze çykarýar. Çaga bilen sorag-jogap alyşmaly. 
Ulular çaganyň edýän her bir haýyşyna düşünip, ony ýerine ýetir-
jek bolmaly we onuň ýüzlenmesine haýbat bilen jogap bermeli däldir. 
Bu ýagdaýda ondan: “Saňa näme gerek?, Gurjakmy?, Hany, gurjak 
diý” diýip, çaga gerekli zadyny aýdar ýaly mümkinçilik döretmeli.
Sapaklar. Çagalar bagynda çagalaryň bilimini,diňe bir sözleýiş 
bilen ösdürmek mümkin däl. Eder-de biz şeýle etsek, onda işjeň ça-
galar terbiýeçiden gerekli zatlaryny sorap bilerler, emma çe kin jeňräk 
çagalar bolsa gyrada oturarlar. Şonuň üçin terbiýeçi tarapyndan hem 
çagala ryň hemmesiniň ünsüni çekäýjek sapaklary geçirilip durulma-
ly.
Sapak geçirilende çagalary ýaş aýratynlygy boýunça iki sany 
to para bölmek bolýar, ýagny bi rinji ýarym ýyllykda günde 1 sapak 
her bir çaga bilen aýratynlykda ýa-da 5-6 sany çaga bilen bilelikde 


40
ii bap
geçirip bolýar. Ikinji ýarym ýyllykda bolsa, çagalary toparlara bölüp, 
hepdedäki günleriň bäşisiniň iş günüdigini göz öňünde tutup, günde 
iki sapak geçirip bolar. 
Sapaklaryň dowamlylygy olaryň düzümine hem bagly bolup,
esasan, 5-8 minut bol ýar. 
Topara täze gelen çagalary sapaklara ýuwaş-ýuwaşdan öwre niş-
dirme li. Ähli sapaklaryň maksady çagalarda diňlemegi, jogap berme-
gi, işjeň ýagdaýy saklamaklygy öwretmekdir.

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling