Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Irki ýaşdaky çagalaryň ösüşi we terbiýesi
düşünmek. Üç ýaşyň dowamynda sözleýşiň mazmunyny baý-
laşdyrmak dowam etdirilýär. “Näme uçýar?” diýen soraga çagalar şeýle jogap berýärler: “Kebelek uçýar, çybyn uçýar, uçar uçýar”, ýa- da terbiýeçi şeýle diýýär: “Sende gyzyl köýnek bar, sen başga nirede gyzyl reňki görýäň?”. Çaga şeýle jogap berýär: “Dursunda gyzyl köýnek, gyzyl şarlar bar”. Ulularyň sözleýşine düşünmek olarda heniz kämilleşen däldir. Çagalara predmetleri daşky görnüşi boýunça tapawutlandyrmak, olaryň aýratyn alamatlary bilen tanyş etmek dowam edýär. Çagalara dürli soraglara düşünmek öwredilýär: “Bu kim?, Bu näme?, Näme geýipdir?, Näme üçin?, Haçan?”. Üç ýaşynda çagalar 1200-1500 söz bilýärler. Çagalar oýun oýnaýan wagty köp gepleýärler, olar köp sorag berýärler: “Nähili atlandyrylýar? Näme üçin geldi?”. Şu soraglar çagalaryň ulular bilen gepleşmegi üçin esasy serişde bolýar. Terbiýeçi öz mysallary we görkezmeleri bilen çagalara biri-biri bilen mylaýym, mylakatly gürleşmegi öwredýär. Çaganyň aragatnaşygyny gowulandyrmak üçin oýun işi guralýar. Iki ýaşynyň ahyrynda, üç ýaşynyň başynda terbiýeçiniň öňünde çagalaryň ýekelikdäki oýnuny ösdürmek meselesi durýar. Munda çagalara oýnawaçlar bilen işlemegi olara görkezmek boýunça öwredilýär. Çagalara beýlekiler oýnaýan wagty päsgel bermezligi, oýnawaçlaryny almaz lygy öwretmeli. Çaganyň oýun işini ösdürmek we baýlaşdyrmak üçin, syn guramak, gezelençler, gurjaklar bilen oýun geçirmek (gurjagy naharlamak, ýatyrmak)ýaly işler geçirilýär. Ulularyň göreldesi, çagalaryň umumy ösüşindäki üstünlikler, çaganyň sözleýşini ösdür mekde olaryň öz hereketleriniň beýlekileriň hereketi bilen gabat getirmegi esasy meseleleriň biri bolup durýar. 43 Irki ýaşdaky çagalaryň ösüşi we terbiýesi Oňat guramaçylykly toparda çagalar öz oýnawaçlaryny paýlaş- ýarlar, biri-birine haýyş bilen ýüzlenýärler. Çagalar surat çekip, zat ýasamaga başlaýarlar we gurluşyk işleri kem-kemden ösýär. Bu ýaşda ulularyň zähmet işi çagalaryň ünsüni özüne çekýär. Oýnawajyň her hili görnüşini belli ýerlerde goýmaly. Bu bolsa çagalara guramaçylyk- ly ýerleşdirmegi öwredýär. Eger-de oýnawaçlar olara görünýän ýer- lerde bolsa, onda olar özlerine aňsat meşgullanma tapýarlar. To paryň otagynda işiň dürli görnüşleri üçin amatly ýerler bolmalydyr. Oýun ça- galar üçin gyzykly we işjeň işdir. Birinji kiçi toparda hepdede 10 sany sapak geçirilýär. Onuň dowamlylygy 10-15 minut bolup, olar günde irden we agşam şenbeden başga günler ge çirilýär. Meşgullanmanyň köp bölegi ösüşi deň bolan çagalardan düzülen to par jykda geçirilýär. 3 ýaşynda bolsa sapaklary tutuş bir to par bilen geçirmek bolar. Sebäbi çagalar özlerini alyp barmagyň düz günlerini bilýärler. Sapak wagty terbiýeçiniň ünsüni hiç kim bölmeli däldir. Toparlar bilen geçirilýän sapaklary beý leki çagalaryň ýanynda däl-de, başga otagda geçirmeli. Çagalar bagy nyň okatmak we terbiýelemek maksatnamasynda daş- töwerek bilen tanyşdyrmak, hereketler, döredijilik we gurluşyk işleri, aýdym öwretmek boýynça ýumuşlar berlendir. Amaly iş.Üç ýaşdaky çagalar bilen geçililýän bir sagatlyk sapak ýazgysyny ýazmaly we ony usuly taýdan toparda seljermeli. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling