Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Irki ýaşdaky çagalaryň ösüşi we terbiýesi
Predmetler bilen hereket. Iki ýaşyndaky çagalar ulularyň kö-
me gi bilen predmetleri ulanmagy başarýar. Predmetli hereket ler - den başga bu döwürde çagalar öwrediji oýnawaçlary ulanma gy, olar bilen oýnamagy başarmalydyr. Predmetleriň hereketler bi len arabag- lanyşygyny bilip, çagada sensoriki ösüş emele gelýär. Pred met leriň häsiýetlerini kabul etmeklik bolup geçýär (predmetleriň şe kilini, reňkini bilýär). Sensoriki meseläniň çözgüdini tapmakda esasy orny oýnawaçlar tutýar. Olaryň reňkini, şekilini kesgitläp bilmeklige ýar- dam edýär. Oýnawaçlar bilen oýunlar oýnalanda, her bir toparda 2-3 sany çaga bolmalydyr hem-de olaryň her birinde oýun üçin ýeter- likli oýnawaçlar bolmalydyr. Bu döwürdäki çagalaryň bile oýnap bilmeýändigini hem-de täze oýnawaçlaryň üstünde dawanyň bol- mazlygy üçin öňünden bu ýagdaý barada pikirlenip, bu ýagdaýda näme etmelidigini terbiýeçi bilmelidir. Sözleýiş. Çaganyň iki ýaşyndaky döwri onuň sözleýşiniň ös- ýän, kämilleşýän döwri hasaplanylýar. Çaga bilen ony gur şap alýan, gyzyklandyrýan zat barada köpräk gürleşmeli. Ony nahar la nyňda iýmit barada, geýindireniňde beden agzalary, egin-eşikleri barada aýtmaly. Çaganyň özüniň eşiden we gören zatlary barada aňynda sak- lamagy başarmagy möhümdir. Mundan başga-da çagalar bilen diňe olaryň görýän zatlary barada däl, eýsem, öň gören zatlary barada hem gürleşmeli. Meselem, gezelenç döwri gören zatlary barada sözleri dürli görnüşde ulanmaly. Meselem, pişik uklap ýatyr, gyzjagaz hem uklap ýatyr. Pişik halyçanyň üstünde ýatyr, gyzjagaz bolsa düşegiň üstünde ýatyr. 39 Irki ýaşdaky çagalaryň ösüşi we terbiýesi Şu sözlemler çagalaryň söz baýlygyny baýlaşdyrýar hem-de bu sözler arkaly ola r deňeşdirmek ýaly düşünjeleri özleşdirýär. Çagalar bilen ulular gepleşende predmetleriň häsiýetlerini we olaryň alamat- laryny öwretmelidir. Ýagny guşjagazlar uçýar, top tigirlenýär, güjük üýrýär. Çaga bu sözleri eşitmek bilen şol predmetleriň atlaryny we hereketlerini başga zatlar bilen kabul etmekligi öwrenmelidir. Download 0.56 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling