Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Ahlak terbiýesi.
Akyl terbiýesi. Irki ýaşdaky çagalara yzygiderli bilim öwredil ýär.
Oňa daş-töwerekdäki predmetler, olaryň atlary, nämä niýetlenen digi, onuň bilen nähili zatlar etmelidigi, predmetiň hili we şuňa meňzeşler barada birnäçe zatlar öwredilmelidir. Çagalara howanyň yssy-sowuk- lygy, gar, ýagyş, ýel, ýagtylyk, garaňky, agşam, gyrymsy otlar, güller, agaçlar, haýwanlar barada düşünje berilmelidir. Bu ýaşdaky çagalary akyl taýdan terbiýelemegiň esasy maksady olaryň ýadyny, ünsüni, pikirlenmesini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Mysal üçin, çaganyň 1-2 aýlyk wagtynda onuň görüş we eşi diş organ- laryny ösdürmek üçin predmeti örän mylaýymlyk bilen oňa görkezip başlaýarlar. Bu ýaşdaky çagalaryň pikirlenmesi görkeziji-hereketli häsiýetde- dir. Şonuň üçin çaganyň bir ýaşynda sensor (duýmak) terbiýä aýratyn üns berilmelidir. Çaga oýnawaçlary dürli reňklerde we ölçeglerde bolmalydyr hem-de dürli materi al lardan edilmelidir. Şeýle ýagdaýlar çaganyň görüş, eşidiş organlaryny ösdürýär. 2-3 ýaşly çagalara pred- metleri häsiýetleri boýunça bir topara birikdirmegi öwretmeli. Me- selem, dürli görnüşde geýindirilen gurjaklar. Terbiýeçi olary ýeke- *3. Sargyt №03 34 ii bap ýekeden çagalara görkezip, “Bu gurjak, ynha, bu-da gurjak, bu-da gurjak, ynha, şularyň hemmesi gurjak” diýip görkezýär. Çaga şol gur- jaklary tapawutlandyryp bilmelidir. Irki ýaşdaky çagalaryň akyl taýdan ösmeginde terbiýeçiniň usuly taýdan alyp baran pedagogik işleriniň ähmiýeti örän uludyr. Ahlak terbiýesi. Çagada pikirlenmäniň, sözleýşiň peýda bolma- gy bilen ol öz toparyndaky çagalar bilen aragatnaşyk edip başlaýar. Ça galaryň bir ýaşyndaky ahlak terbiýesi onuň beden we akyl terbiýe- si bilen ýakyn arabaglanyşykda alnyp barylýar. Çaganyň emosional taýdan şadyýan bolmagy onuň özüni gowy alyp barmagyna kömek edýär we çaganyň gowy ösmegine getirýär. Eger-de munuň tersine, çaganyň keýpi pes bolsa, käbir zatlardan goksa, çaganyň psihikasna erbet täsir edýär we çaga kadaly ösmeýär. Kiçilikden olarda ululara mylakatly bolmagy, olaryň aýdýan zatlaryny ak ýürek bilen ýerine ýetirmegi, çagalaryň öz aralarynda hem mylakatly, ýoldaşlary bilen agzybir oýnamagy, gerek bolsa ýoldaşyňa kömek etmegi terbiýelemeli. Ata-ene irki ýaşdan çagalara arassaçylygy, medeni ýetliligi öwre- dip başlamalydyr. Olar çagalarda kem-kemden endige öw rül melidir. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň öňünde durýan ter- biýeçilik çä releriň biri-de körpelerde medeni- arassaçylyk endiklerini ça ga la ryň ýaş aýratynlygyna görä terbiýelemekdir. Çagalara beril meli medeni-arassaçylyk endikler mekdebe çenli ýaşly çagalara bilim we terbiýe bermegiň maksatnamasynda görkezilendir. Mekdebe çenli ýaşly çagalar görüp duran zatlary barada pikir edýärler we olary kabul edýärler. Şonuň üçin olara öwrediljek zatlary görkezip (birnäçe gezek), dil bilen düşündirmek gowy netije berýär. Çagalaryň özbaşdak başaryp bilýän zatlaryny birnäçe gezek gaýtalap öwretmeli. Terbiýeçi çagalara öwredilmeli medeni-arassaçylyk endikleri, olaryň öwrediliş usullaryny ata-enelere hem düşündirmelidir. Çaga bir gezek aýtmak ýa-da birnäçe gezek görkezmek ýeterlik däldir. Çagalara endik bolup galýança, ýene gaýtalap, ýatladyp durmaly. Çagalaryň oňyn endiklerini öwmeli. Ata-enäniň hem görkezmek we söz üsti bilen düşündirişleri deň bolmalydyr. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling