Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Türkmenistanda mekdebe çenli jemgyýetçilik terbiýäniň


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet15/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Türkmenistanda mekdebe çenli jemgyýetçilik terbiýäniň 
döreýiş we ösüş taryhy barada. Beýik Oktýabr rewolýusiýasyna 
çenli Türkmenistanda döwlet tarapyndan açylan ýörite mekdebe 
çenli terbiýeçilik edaralary bolmandyr. Rewolýusiýa ýeňip, üstün 
çykandan soň, ähli ýerde medeni rewolýusiýany amala aşyrmak 
işine, Halk Magaryf komissarlygynda şol wagtda okuw-terbiýeçilik 
edaralarynyň beýleki görnüşleri bilen birlikde ähli ýerlerde mekde-
be çenli terbiýeçilik edaralaryny açmaklyk meselesine aýratyn üns 
berildi. Şonuň üçin Türkmenistanda mekdebe çenli edaralary aç-
maklyk işi RSFSR-iň Halk Magaryf Ko missarlygynyň düýpli täsiri 
esasynda amala aşyryldy. RSFSR Halk Magaryf Komissarlygynyň 
mekdebe çenli bölüminiň 1919-njy ýyldaky ýörite “Çagalar bagy-
ny alyp barmak boýunça gözükdiriji“ atly gollanmasynda mekdebe 
çenli çagalar edaralarynda işleri guramagyň mazmuny we usulyna 
degişli esasy görkezmeler berlipdir. Bu resminamada mek debe çenli 
terbiýede gönüden-göni çagalar edaralarynyň işinde beden, zähmet 
terbiýesi boýunça guramaçylyk işlerini guramagyň esa sy ugurlary 
beýan edilýär. Şol gollanmada oýnuň hyzmaty, onuň zähmet bilen 
arabaglanyşygy açylyp görkezilýär. Zähmetiň üsti bilen tebigatda 
akyl terbiýesini bermeklige uly ähmiýet berilýär. 
Gollanma goşulan goşmaça maglumatlaryň birinde çagalaryň 
dur muşynyň gün tertibi hakynda, beýlekisinde bolsa, çagalar bagynyň 
terbiýeçileriniň we beýleki işgärleriniň hem-de işgärler toparlarynyň 
borçlary hakynda gürrüň edilýär. 


27
Pedagogikanyň umumy esaslary
7. Çagalar bagynda okatmagyň we terbiýelemegiň 
maksatnamasy
Mekdebe çenli ýaşly çagalary çagalar edaralarynda terbiýelemek 
we okatmak “Türkmenistanda mekdebe çenli ýaşly çagalara bilim we 
terbiýe bermegiň Milli maksatnamasy” esasynda alnyp barylýar. Mak-
satnamada mekdebe çenli ýaşly çagalara terbiýe we bilim ber megiň 
maksady, wezipesi, we mazmuny takyk görkezilendir. Maksat nama 
düzülende mekdebe çenli ýaşly çagalaryň pedagogikasynyň, psiho-
logiýasynyň hem-de aýry-aýry dersleri okatmagyň usullary boýunça 
gazanylan ylmy barlaglaryň netijeleri göz öňünde tutuldy. 
“Türkmenistanda mekdebe çenli ýaşly çagalara bilim we terbiýe 
bermegiň Milli maksatnamasy” düzülende çagalaryň hukuklary bara-
daky kanunlara, Türkmenistanyň “Bilim hakyndaky” kanunyna esas-
lanyldy. 
Maksatnamanyň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:
– çagalaryň aňynda kemala gelen şahsyýete mahsus bolan sypat-
laryň başlangyçlaryny, esaslaryny döretmekden;
– öz kärine, hünärine ökde, zähmetsöýer, kalby päk, süňňi ha-
lal, dogruçyl, Watanyň ykdysady we medeni ösüşine zähmeti bilen 
goşant goşmaga taýýar adamlary terbiýelemekden;
– Türkmenistanyň Döwlet nyşanlaryny- Tugrasyny, Baýdagyny, 
Senasyny, şeýle hem döwletiň kanunlaryny we düzgünlerini bilýän, 
ola ry hormatlaýan we ýerine ýetirýän raýatlyk sypatlaryny kemala 
getirmekden;
– ynsan hukugyna, azatlygyň esaslaryna hem-de Birleşen Mil-
letler Guramasynyň jar eden düzgünlerine hormat goýmagy terbiýele-
mekden;
– türkmen halkynyň milli ruhy baýlyklaryny – “Gorkut ata”, 
“Oguz nama”, “Görogly” we beýleki dessanlaryny, ertekilerini, atalar 
sö züni, saz eserlerini, amaly-haşam sungatynyň önümlerini, türkmen 
di liniň baýlyklaryny özleşdirip, olary öz medeniýetine goşmagyny 
ga zanmakdan, Döwletmämmet Azady, Magtymguly, Seýdi, Zelili, 
Mollanepes, Mätäji ýaly ajaýyp şahsyýetleriň edebi miraslaryny öw-
retmekden we olara buýsanç duýgularyny döretmekden;


28
i bap
– çaganyň ýaşaýan ýurdunyň milli gymmatlyklaryna, diline, öz 
medenýetinden tapawutlanýan özge medeniýetlere sarpa goýmagy 
terbiýelemekden;
– maşgala agzalaryna, ene-atalaryna mähir, söýgi, hormat duýgu-
laryny döretmekden, maşgalanyň maddy we ruhy abadançylygyny 
gu ramaga, ösdürmäge bolan islegleri kemala getirmekden;
– garrylara, maýyplara, şikesli adamlara ynsanperwerlik, hoş ni-
ýetlilik, rehim-şepagatlylyk, mätäçlere kömek etmäge taýýarlyk duý-
gularyny emele getirmekden;
– ýurdumyzyň janly we jansyz tebigatyny – haýwanat hem ösüm-
likler dünýäsini, suw howdanlaryny, derýalaryny, çöllerini, daglaryny, 
ýerüsti, ýerasty baýlyklaryny bilmek, olara aýawly garamak endikleri-
ni döretmekden;
– daş-töwerek, tebigat, jemgyýet hadysalary hakynda ýönekeýje 
düşünjeleri kemala getirmekden, çagalaryň akyl ösüşini, akyl ýeti riş 
endiklerini kämilleşdiremekden, tebigatdaky hil we mukdar gatna-
şyklary hakynda ilkinji düşünjeleri hem-de dil öwrenmäge islegdir 
höwesi döretmekden;
– çagalaryň aýratynlyklaryny, başarnyk-ukyplaryny hasaba alyp, 
olary ähli çäreler arkaly ösdürmekden;
– çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekden, akyl taýdan ösüşini 
kä milleşdirmekden, jemgyýetde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini 
öwretmek arkaly çagalary mekdebe taýýarlamakdan;
– çagany azat jemgyýetde özge milletler bilen özara düşünişip, 
dostlukly, parahat, asuda, düşünjeli ýaşaýşa taýýarlamakdan;
– çaganyň beden we ruhy saglygyny goramakdan, taplamakdan, 
ösdürmekden, olarda arassaçyllyk endiklerini terbiýelemekden.
Maksatnamada çaganyň mekdebe çenli ösüşi üç (bäbeklik, irki 
çagalyk we mekdebe çenli) döwre bölünip, her döwürde onuň ýaş 
aýratynlygyna mahsus umumy alamtlary beýan edilýär:
– çaganyň jemgyýetde tutýan orny we jemgyýetiň ondan edýän 
talaplary;
– çaganyň esasy islegleri we meýilleri, ýagny onuň daşky dün-
ýäden talaplary;
– çaganyň esasy işleri;


29

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling