23
Pedagogikanyň umumy esaslary
başlap, döwlet tarapyndan terbiýe bermekde oýnuň esasy serişdedigi
bellenilýär.
Aristotel (384-322 ý. b. e. çenli) çagalary hemmetaraplaýyn ter-
bi ýelemegiň, ýagny beden, akyl we ahlak terbiýeleriň berilmeginiň
tarapynda durýar. Ol ýene-de şahsyýetiň kemala gelmeginde mekdebe
çenli döwri iň amatly we iň gowy döwür diýip belleýär. Bu döwürde
çagalara oýun oýnatmak bilen bir hatarda olaryň akylyny hem ös-
dür melidigini, çagalary 5 ýaşdan başlap, ýörite
mekdep okuwyna
taýýarlamalydygyny aýdýar.
Mekdebe çenli çagalary terbiýelemegiň
ylmy tarapy baradaky
pikirleri taryhda ilkinji gezek rim pedagogy Mark Fabiý Kwintiliani
“Oratory terbiýelemek barada“ diýen işininde ýazýar. Ol şol işinde
mekdebe çenli ýaşly çagalary terbiýelemek barada ata-enelere hem-
de pedagoglara özüniň gymmatly pikirlerini ýazypdyr.
Do'stlaringiz bilan baham: