Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Pedagogik pikiriň ösüş taryhy
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Pedagogikanyň umumy esaslary
5. Pedagogik pikiriň ösüş taryhy
Terbiýe öz gözbaşyny adamzat jemgyýeti dörän döwründen alyp gaýdýar. Türkmenistanyň çäklerinden tapylan taryhy ýazuw ýadygär- likleri, ata-babalarymyzyň galdyran medeni miraslary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Adamzat ýaşamak üçin zerur bolan zatlaryň hem- mesini özünde toplaýar. Şol zerurlyklaryň biri hem tälim-terbiýe bo- lup durýar. Geç mişde bolup geçen taryhy wakalar, ykdysady, syýasy ýagdaýlar, halklaryň arasyndaky aragatnaşyklar tälim-terbiýäniň ös- megine, kä mil leşmegine täsir edipdir. Biziň geçmişde ýaşap geçen ata-babalarymyzyň baý taryhy mira- sy bardyr. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda taryhy ýady gärliklerimizi, dünýä belli akyldarlarymyzy öwrenmek hem-de olary ýüze çykarmak boýunça halkara derejesinde ylmy maslahat- 21 Pedagogikanyň umumy esaslary lar, gazuw- agtaryş işleri geçirilýär. Ol tapylan ýadygärlikleriň köpüsi türkmen halkynyň geçmişde ylmyň, sungatyň dürli ugurlary bilen meşgul bolan dygyny subut edýär. Türkmen halkynyň baý, beýleki halkla ryň ka meňzemeýän halk döredijiligi bolup, olaryň hemmes- inde-de çaga terbiýesine uly üns berlipdir. Dünýä belli akyldarlaryň ylym äleminde öçmejek at galdyrmaklary şol döwürdäki terbiýä, ylmyň dürli ugurla ryna uly ähmiýet berendigine taryhy çeşmelerden göz ýetirmek müm kindir. Türkmen halky çaga terbiýesine örän uly ähmiýet beripdir. Türk- men adamsy diňe öz ýaşan döwri üçin däl-de, özüniň dowamatyny, atly-abraýly, ilhalar, döwrebap zähmetsöýer, bilimli, hü närli ýaşlary ösdürip ýetişdirmeklige aýratyn ähmiýet berýär. Şo nuň üçin terbiýe bermek, bilim, hünär öwretmek gadymy döwürlerden bä ri dowam edip gelipdir. Terbiýäniň gadymylygyny taryhy-ýazuw ýadygärlikleriň, ata-ba- ba la rymyzyň bize galdyran medeni-ruhy gymmatlyklarynyň üsti bi- len görmek bolar. Bular ukyply, zehinli, hemmetaraplaýyn ösen şah- syýeti kemala getirmekde uly hyzmaty ýerine ýetiripdirler. B.e. öň III-II müňýyllyklaryň başlarynda Altyndepede 10 müňe golaý ilat ýaşapdyr. Ilatyň aglaba bölegi söwda, senetçilik bilen meşgul bolupdyr. Ol ýerde uly ybadathana bolupdyr. Hatyň, ýazuwyň ýüze çykmagy adamlaryň sowatlylyk derejesini görkezipdir. Ýedi müň ýyl mundan ozal Änewiň töwereginde ak bugdaýyň ekilendigi baradaky maglumaty amerikan arheologlary öz işlerinde belläpdirler. Aşgabadyň golaýynda ýerleşen Parfiýa döwletiniň merkezi bo- lan Nusaýdan hem-de beýleki ýerlerden tapylan taryhy-arheologik tapyndylaryň üsti bilen b.e.öňki müňýyllyklarda ata-babalarymyzyň nämeler bilen meşgul bolandyklary, nesillere nämeleri öwredendikleri, ylym-bilimiň, tälim-terbiýäniň nähili bolandygy barada pikir ýöret- meklige mümkinçilik berýär. Taryhçy alym Marat Durdyýewiň iki müňden gowrak golýazmasy tapyldy we öwrenildi. Gymmatly materiallardan we beýleki zatlardan ýasalan önümler soňky ýyllarda gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegi bilen derňelýär. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanynda Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda türkmeniň milli medeni, taryhy 22 i bap gymmatlyklaryny täzeden öwrenmeklige girişildi. Gazuw-agtaryş işle riniň üsti bilen, täze-täze tapyndylar özüniň gizlin syrlaryny açdy. IX-XII asyrlarda Gündogar halklarynyň arasynda pedagogik pi- kir güýçli ösüpdir. Ony XI asyrda ýazylan “Kowusnama” eserinden bilmek bolýar. Bu eser ýörite terbiýe meselesine bagyşlanylyp ýazy- landyr. Ony Hazar deňziniň günorta kenarynda ýaşap geçen Keý-Ko- wus öz ogly Gilanşaha sargyt we öwütnama hökmünde ýazypdyr. Kitap 44 bölümden ybarat, bu eser ahlak, akyl, zähmet terbiýesini bermekde uly hyzmaty ýerine ýetirýär. “Gorkut ata“ eseriniň terbiýe berijilik ähmiýeti uludyr. Bu eser watançylyk terbiýesini bermekde okuw gollanmasy bolup durýar. “Oguznama“ ýaşlary ahlak taýdan watançylyk ruhunda terbiýele- mekde ähmiýeti uly eserleriň biridir. “Görogly“ eposy türkmeniň iň gymmatly, milli däplere eýerýän, terbiýe berijilik ähmiýeti uly eser hökmünde bellidir. Download 0.56 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling