Aşgabat “Ylym” neşirýaty
ii bap IRKI ÝAşDAKY ÇAGALARYŇ ÖSÜşI WE TERBIÝESI
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
ii bap
IRKI ÝAşDAKY ÇAGALARYŇ ÖSÜşI WE TERBIÝESI 1. Irki ýaşdaky çagalaryň terbiýesi we onuň aýratynlyklary Irki ýaşdaky çagalara häsiýetnama. Çagalaryň irki ýaş döwri onuň beden we psihiki taýdan has çalt ösýän döwrüdir. Şonuň üçin bu döwürde çagalaryň terbiýesi takyk we dogry bolmalydyr. Ça ganyň psihofiziologik taýdan ösüşi aýratyn-da bir we iki ýaşynda has çalt bolýar. Çaganyň bir ýaşynda boýy we agramy çalt depgin bilen ösýär. Bir ýaşynda özbaşdak ýöremegi öwrenýär. Iki-üç ýaşynda esasy hereketleri kämilleşýär. Çaga bu döwürde ene dilinde geplemegi öwrenýär. Ol bir ýaşynda 10-12 sözi, iki ýaşynda 200-300 sözi, üç ýaşynda 1500 çenli sözi öwrenýär. Çaga bu döwürde dürli keseller bilen tiz kesellegiç bolýar. Her bir kesel çaganyň psihiki taýdan ösmegine ýaramaz täsir edýär. Bu döwürde çaganyň emosional taýdan wagtyny şatlykly ge çir- megi onuň psihiki taýdan kadaly ösmegine kömek edýär. Çaga bir ýaşynyň ahyrynda özüni nähili alyp barmalydygy bara- da ky ýönekeý zatlara göz ýetirip başlaýar. Bu döwürde çagalara öw redilýän zatlar ulularyň görkezmegi netijesinde bolýar. Ýagny ter biýeçi görkezýär, çagalar ony gaýtalaýarlar. Çagalaryň ululara öýkünip şeýle öwrenmegi bir ýaşynyň ahyrynda hem-de iki ýaşynda bolýar. Bu döwürde çagalaryň psihiki taýdan kadaly ösmegine de gişli şertler döredilmelidir. Çagalaryň nerw ulgamyny ýadadyp, zor düşýän işler tabşyrylmaly däldir. Şonuň üçin toparyň çagalary iki kiçi topara bölünýär. Her bir toparjygyň çagalary bilen alnyp barylýan işleriň 32 ii bap meýilnamasy aýry düzülmelidir. Çaglaryň gün tertibinde olaryň uku- dan başga, şähdaçyk wagtlary gün-günden artýar. Bu döwrürde çaga- lar kadaly ukla ma gy we şähdaçyk wagt geçirmegi başarýarlar. Terbi- ýeçi bu zatlary çagalara kem-kemden öwretmelidir. Irki döwürde hemme çagalar beden taýdan deň ösmeýärler. Hat- da gyz bilen oglanyň arasynda hem tapawut bolýar. Bir aýlyk og lanyň ortaça boýy 51 sm-den, agramy hem 3,500 kg-den 4,600 kg-e çenli bolýar. Bir ýaşynyň ahyrynda boýunyň ösüşi 73 sm-den 10 kg 800 g-e çenli bolýar. Şeýle ýagdaý çaganyň psihiki ösüşine-de bagly bolýar. 2 ýaşly çaganyň gündelik ulanýan sözleri 400-e çenli bolýar. Şonuň üçin bir toparda terbiýe alýan çagalaryň ösüşi dürli hili bolýar. Terbiýeçi şonuň üçin çagalar bilen aýratynlykda işlemegi başarmalydyr. Download 0.56 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling