Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Irki ýaşdaky çagalaryň ösüşi we terbiýesi


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet22/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Irki ýaşdaky çagalaryň ösüşi we terbiýesi
ýapyşyp ýöremäni öwrenýär, soňra özbaşdak ýöräp başlaýar. Ol indi 
daş-töwerek bilen tanşyp başlaýar. Çagalara öz wagtynda ýöremegi 
öwretmegiň olary beden we akyl taýdan terbiýelemekde ähmiýeti 
örän uludyr. 
Amaly iş. Bir ýaşyna çenli çagalaryň edip biläýjek özbaşdak, 
medeni-arassaçylyk endiklerini seljeriň. Görkezip düşündirmek arka-
ly çagalaryň kabul edip alşyna seljerme beriň. 
3. Iki ýaşyndaky çagalaryň ösüşi we terbiýesi
Kadaly ösýän we iýmit lendirilýän çaganyň agramy her aýda 170-
180 g artýar. Boýy hem 1 sm ösýär. Iki ýaşan çaganyň ortaça agramy 
12-12,7 kg bolup, boýy hem 85-86 sm-e deň bolýar. Iki ýaşly çagada 
20 sany süýt dişi bardyr. Iki ýaşynyň bi rinji ýarymynda 3-4 sagat, 
ikinji ýarymynda bolsa 4-5 sagat uklaman gezip bilýär. Şeýle-de iki 
ýaşly çaganyň bir gije-gündizdäki ukusy 14 sagada deň bolmalydyr. 
Iki ýaşly çaganyň durmuşyny guramak. Bu ýaşdakylaryň to-
pary bir ýaşdan iki ýaşa çenli bolan çagalardan düzülýär. Iki ýaşly ça-
galar günüň dowamynda 2,5 sagatdan iki gezek uklaýarlar. Çagalaryň 
gündizki ukusynyň iki gezekden bir wagta geçmekligi birnäçe aýyň 
dowamynda alnyp barylýar. Çagalar şeýle tertibe geçmek bilen 
özlerini kadaly duýýarlar, ýöne wagtyň geçmegi bilen olar ýadaýarlar, 
kähalatda olar stoluň başynda uklap galýarlar. Günortanlyk naharyny 
az iýýärler. Şeýle bolanda, çagalary iki gezek ýatmaklyga geçirmeli, 
soňra bolsa iki hepdeden ýene öňki bir wagtky ukusyna getirmeli. Iki 
ýaşyndaky çagalar iýmitiň hemme görnüşini özbaşdak iýmegi, stoluň 
başynda öz ornunyň nirededigini bilmegi başarmalydyr. Çagalara 
egin-eşigini geýip-çykarmaga terbiýeçi kömek etmeli. Bir ýaşynyň 
soňunda çaga ýöräp, gürläp, predmetler bilen arabaglanyşykda bolup 
durýar. Bu bolsa onuň iki ýaşyna mahsus ösüş ukybyny görkezýär. 
Hereketiniň ösüşi. Iki ýaşly çagalaryň ösüşinde, esasan, here-
ket li oýunlar möhüm bolup durýar. Hereketiň esasy tärleriniň biri 
hem çaganyň özbaşdak ýöremegi bolup durýar. Çaga ýöremeklige 
mätäç bolýar, şonuň üçin ol ýörejek bolup hereket edýär. Bu bolsa 
çagada şatlykly duýgulary emele getirýär. Çaga ýöräp ugranda, ol el-


38
ii bap
lerini hem herekete getirýär. Gorkman ýykylyp, ellerine predmetleri 
alyp oýnamaklygy, olary çekeläp oýnamagy başarýarlar. Toparyň 
için de çagalaryň ýaşyna görä stollar, oturgyçlar bolmalydyr. Çagalara 
iki ýaşynda beden maşklaryny, gezelençler etdirmek möhüm bolup 
durýar. Sowuk howada, ýagny güýzde, gyşda hem-de baharyň irki 
günlerinde ýöremegi doly öwrenen çagalar bilen gezelençler guramak 
bolar. Ol çagalar eginlerindäki eşikler bilen ýöremegi başarýan çagalar 
bolmalydyr. Ýylyň salkyn döwri, ýagny howanyň gowy wagty ýöre-
megi ýaňy öwrenen çagalar bilen gezelençler guramak bolar. Ýöne 
çagalaryň dürli oýunlar, gezelençler, maşklar bilen meşgullanmagy 
olaryň oýnawaçlary oýnamagyna päsgel bermeli däldir. 

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling