Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Günüň birinji ýarymynda geçirilýän terbiýeçilik işleri


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet31/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Günüň birinji ýarymynda geçirilýän terbiýeçilik işleri. Çaga-
lary çagalar bagyna irden kabul etmegiň uly terbiýeçilik ähmiýeti 
bar dyr. Bu işi terbiýeçiniň dogry guramagy çagalaryň bütin günüň 
dowaynda işjeň hem-de höwesli bolmagyna kömek edýär.
Terbiýeçi psihologik taýdan syn ediji bolmalydyr. Her bir çaga-
nyň ýagdaýyny, ukybyny bilip, iş tabşyrmalydyr. Öz gezeginde ter-
biýeçiniň özi-de öz psihiki ýagdaýyny çagalara bildirmeli däldir. Ça-
galary çagalar bagyna örän mylakatly, örän mähirli, güler ýüz bilen 
kabul etmelidir. Çagalar hem synçy we duýgur bolýarlar.
Käbir çagalar çagalar bagyna keýpsiz gelýärler. Terbiýeçi şeýle 
çagalary oýna ugrykdyryp goýberýär. Käbir çaga çagalar bagyna 
keýipsiz gelip, aglap otursa, onda şeýle çagalary özbaşdak oturdyp, 
köşeşdirýär we oýna ugrykdyrýar. Çagalaryň çagalar bagyna keýpsiz, 
höwessiz gelmekleriniň dürli sebäpleri bardyr. 
Birinjiden, çagalar bagyndaky alnyp barylýan terbiýeçilik işleri 
pes bolup, çaga olardan kanagatlanmadyk wagtynda.
Ikinjiden, ata-ene işe howlugyp, çagasyna käýeýär, ukudan oýar ýar. 
Şeýle bolanda terbiýeçi çagalary köşeşdirmelidir, gyzykly oýun-
lar oýnatmalydyr.
Çagalary çagalar bagyna kabul edilýän ýerler ýagdaýa we pasyl-
lara görä bolmalydyr.


49
Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
Türkmenistan döwletimiziň howa ýagdaýyna görä, çagalar bagy-
na köplenç ir 7
00-
den 8
30
-a çenli kabul edişlik geçirilýär. Şonuň üçin 
terbiýeçi çagalar bagyna öz wagtynda gelmelidir. Çagalary kabul et-
mek howanyň gowy wagtynda meýdançada, howanyň sowuk, ýelli 
wag tynda jaýda, otagda geçirilip bilner.
Çagalar kabul edilende olaryň daş keşbine, daşky ýagdaýyna 
go wy syn etmelidir. Terbiýeçi çagalaryň geýimlerine, saçlaryna, ýüz-
gözlerine syn edýär. Gerek bolsa olary düzetmäge kömek edýär. Kiçi 
topardan başlap, çagalar bagyna gelenlerinde salamlaşmagy öw ret-
meli. Çagalar bagyna gelende çagalary şepagat uýasy ýa-da lukman 
seredip, gözden geçirýär. Eger-de olar bolmasa, onda terbiýeçiniň özi 
gözden geçirýär. Synçy terbiýeçi her gün görüp ýören çagasynyň sag-
dyn ýa-da näsagdygyny bir görenden kesgitläp bilýär. Eger-de çaga 
näsag bolsa, çagalar bagyna kabul edilmeýär. Çaga ata-ene gidenden 
soň näsaglasa, onda ata-enesine tiz habar edilýär, olar gelýänçä, luk-
mana ýüz tutýarlar.Çagalar bagyna 3-4 günden soň gelen çagalar diňe 
lukmanyň rugsat haty boýunça kabul edilýär.

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling