Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet39/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

okatmagyň ylmy talaplary. Terbiýeçi okatmak işinde ylmy ta-
laplara daýanyp, iş alyp barýar. 
“Didaktika”diýlen söz grek sözi bolup, okamak, öwrenmek diýen 
manyny berýär. 
Ilkinji gezek okatmakdaky ylmy talaplary beýik çeh pedagogy 
Ýan Amos Komenskiý özüniň “Beýik didaktika”diýen işinde işläp 
düzdi. Ol şonda okatmakda güýçýeterlik,ulgamly, yzygider görkezi-
jilikli, işjeň we aňly bolmaklyk häsiýeti barada ýazdy. Soňra bu ylmy 
talaplary rus pedagogy K.D. Uşinskiý ösdürdi we üstüni ýetirdi. Peda-
gogika ylmy mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmaklygyň şu aşakdaky 
ylmy talaplaryny öňe sürdi: 
okatmaklygyň ösdürijilik düzgüni. Okatmak öz maksadyna 
ýeter ýaly, çagalaryň güýçýeterliginde bolmalydyr. Öwredilýän bili-
miň çagalaryň güýçýeterliginde bolmalydygy barada rus psihology 
L.S. Wy gotskiý hem aýdypdy. Psihologyň aýtmagyna görä, öwredil-
ýän bilim çagalaryň ösüş derejesinden biraz öňde bolmalydyr. 
okatmaklygyň terbiýe beriijilik düzgüni. Öwredilýän bilim-
leriň terbiýe berijilik ähmiýeti bolmalydyr. 
Bilimiň güýçýeterlik düzgüni. Öwredilýän bilim çaganyň öz 
güýç ýeterligine görä bolmalydyr. Bu barada Komenskiý: “Öwredil-
ýän bilim aňsatdan kyna, ýakyndan daşa gitmelidir” diýýär.


61
Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
Ulgamlylyk we yzygiderlilik düzgüni.Täze öwredilýän zat öňki 
öwrenileniň esasynda bolmalydyr. Okuw maksatnamasy şol esas da 
düzülendir. Terbiýeçi okuw maksatnamasynyň materiallaryny meýil-
namalaşdyranda berk yzygiderliligi saklamalydyr. “Güýz” diýen 
te ma da surat çekdirmek üçin güýz aýlary bilen bagly agaçlara syn 
etmek, güýz barada gürrüň geçirmek, goşgy okamak, soňra “Güýz” 
diýen temada özbaşdak surat çekdirilse okuw netijeli bolýar. 
Çagalaryň bilimini aňly we işjeň özleşdirmek düzgüni. Öw-
redilýän bilimi çagalar aňly we işjeň özleşdiren wagtynda ol oňat 
ne ti je berýär. Mehaniki ýat tutdurylyp öwredilýän maglumat mak-
sadalaýyk däldir. Şonuň üçin çagalaryň berilýän maglumatlary aňly 
özleşdirmekleri üçin olara “Näme üçin?, Nähili?” diýen soraglary 
bermeli. 
Meselem, Gary jaýa getirseň, näme bolar? Güle suw guýman 
goý saň, näme bolar? Çaga bu soraglara jogap bermek üçin öňki 
bilimle rine daýanmaly bolýar. 
Çagalar bagynda täze öwredilýän zatlar deňeşdirilip öwredilýär. 
Çagalar şonda öwredilýän iki zadyň meňzeş we tapawutly tarapla-
ryny aňly özleşdirýärler. 
Çagalar bagynda käbir tejribeleri geçirmek hem gowy netije ber-
ýär. Meselem, gülleri ösdürmek, meýdanda işlemek, bularyň hemme-
si çagalara öwredilýän zatlaryň aňly bolmagyna alyp barýar. 

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling