iii bap
Öwrediji oýunlar çagalara täze düşünje öwredýär ýa-da öňki dü-
şünjeleriniň üstüni doldurýar, berkidýär.
Zähmet. Çagalar zähmet çekmegiň üsti bilen täze düşünje alýar-
lar. Olar tebigatda zähmet çekenlerinde köp zatlary öz gözleri bilen
görüp, belli netije çykarýarlar. Meselem, depilip agdarylan ýere suw
tiz siňip gidýär. Gün şöhlesi gowy düşýän ýerde ösümlik gowy ösýär,
kölege ýerde haýal ösýär we ş.m
okatmak. Çagalaryň akyl taýdan ösmegine okatmak örän gowy
täsir edýär. Sebäbi okatmagyň netijesinde täze düşünje çaga ulgam-
laýyn hem belli bir maksat boýunça öwredilýär.
Mekdebe çenli çagalara berilýän bilimiň mazmunyny kesgitle-
ýän döwlet resminamalarynyň biri-de Türkmenistanyň Bilim ministr-
ligi tarapyndan tassyklanylýan okuw meýilnamasydyr.
Okuw meýilnamasynda çagalar bagynyň her bir toparynda öwre-
dilýän dersleriň sanawy, hepdede öwretmek üçin berilýän sagatlaryň
sany görkezilýär. Onda şeýle-de okuw ýylynyň haçan başlap, näwagt
tamamlanýandygy, güýzki, ýazky, tomusky dynç alyşlaryň möhletleri
bellenendir. Okuw meýilnamasy döwlet resminamasy bolup, ony
do ly we dogry ýerine ýetirmek her bir çagalar baglarynda işleýän
bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr. Okuw meýilnamasy her okuw
ýyly üçin aýry hödürlenilýär. Okuw meýilnamasyndaky ugrukdyryjy
görkezmeler we bellikler bi len mekdebe çenli ýaşly çagalar edarala-
rynda işleýän işgärleriň ta nyş bolmagy hökmanydyr.
Bellik:
1. Şu okuw meýilnamasy, tabynlygyna garamazdan, adaty mek-
de be çenli çagalar edaralarynyň ählisine degişlidir.
2. Aýdym-saz, daşary ýurt we rus dili sapaklaryny ýörite hünärli
mu gallymlar, beýleki sapaklary toparlaryň terbiýeçileri geçirýärler.
3. Kiçi bakja (1-1,5 ýaşly) toparynda duýgulary ösdürmek üçin
öw rediji oýunlar, beden saglygy sapaklary geçirilýär.
4. Orta bakja (1,5-2 ýaşly) toparynda duýgulary ösdürmek üçin
öwrediji oýunlar, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak, beden sag
lygy, aýdym-saz, sözleýşi ösdürmek sapaklary geçirilýär. Kiçi we
orta bakja toparlarda sapaklar toparlardaky çaga sanyny ikä bölmek
bilen geçirilýär.
55
Do'stlaringiz bilan baham: |