Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Çagalar bilen işleri guramak we oňa ýolbaşçylyk etmegiň


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet32/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Çagalar bilen işleri guramak we oňa ýolbaşçylyk etmegiň 
usul la ry. Terbiýeçi çagalary irden kabul etmegi oýlanyşykly meýil-
nama laşdyrmalydyr. Bu döwürde çagalar, köplenç, oýnaýarlar. Terbi-
ýeçi ça ga lara oýunlary we oýnawaçlary bir gün öňünden taýýarlaýar. 
Meselem, 3-4 sany stoluň üstünde 9-10-a golaý oýna waç taýýarlap 
goýýar. Gyzlar üçin gurjaklar taýýarlanylýar.
Çagalar bagyna ir gelen çagalar ýekelikde ýa-da 2-3-den topar-
la nyşyp oýnaýarlar. Terbiýeçi çagalaryň özbaşdaklygyny öwrenýär, 
hö wes lendirýär. Kähalatlarda terbiýeçiniň özi-de çagalara oýnap gör-
kezýär.
Çagalar bagyna ir gelen çagalara zähmet ýumuşlaryny tabşyrmak 
hem bolýar. Meselem, güllere suw guýmak, kapasadaky guşjagaza 
iým ber mek we ş.m. Ir bilen şeýle-de çagalar bilen birnäçe aýratyn-
lykda işler geçirilýär. Meselem, 2 çaga goşgyny ýat tutdurýar. Başga 
birine “R” hem-de “Ş” seslerini dogry aýtmagy öwredýär. Şu hili 
aýratynlykda geçirilýän işler terbiýeçiniň iş maksatnamasynda gör-
kezilmelidir.
Gezelençleri guramak. Çagalar bagyndaky gündelik geçilýän 
gezelençleriň bilim we terbiýe berijilik ähmiýeti örän uludyr. Açyk 
*4. Sargyt №03


50
iii bap
howada hereket etmek, oýnamak çagalaryň iň gowy görýän zatlary-
nyň biridir. Çagalaryň açyk howada gezelenç etmekleri olaryň beden 
saglygy üçin örän peýdalydyr. Açyk howada gezelenç etmek çaganyň 
bedenini yssa, sowuga öwrenişdirýär, bişişdirýär. Çaga gezelenç wag-
tynda oýnaýar, köp hereket edýär. Bu hem olaryň gan aýlanyşygyny 
gowulandyrýar. 
Gezelenç çagalaryň akyl taýdan ösmeklerine uly mümkinçilik 
döredýär. Olar gezelenç wagtynda örän köp täze zatlar bilen tanyş 
bolýarlar. Meselem, ulularyň çekýän zähmeti, köçe-ýol hereketi, dür-
li kysymly ulaglar, howa ýagdaýy we birnäçe täze-täze zatlar bilen 
tanyş bolýarlar.
“Täze bina edilen ýaşaýyş jaýlary, arassa, owadan köçeler, köçe-
le riň gyrasyna ekilen agaçlar şäherimize owadanlyk berýär. Biziň 
ýaşa ýan şäherimiz örän owadan” diýip, terbiýeçiniň öwredýän zat la-
rynyň hemmesi ahlak terbiýesidir. 
Çagalar terbiýeçiniň gezelenç wagtynda tanyş etjek zatlaryny 
göz leri bilen görýärler, gulaklary bilen eşidýärler. Terbiýeçiniň her 
bir gezelençde takyk maksatnamasy bolmalydyr. Şol maksatnamany 
doly berjaý etmäge çalyşmalydyr.
Çagalar bagynyň gün tertibinde açyk howada gezelenç etmek gü-
nüň dowamynda 2 gezek meýilnamalaşdyrylýar. Gezelençler günüň 
birinji ýarymynda sapaklardan soň, günorta nahara çenli (takmynan 
1,5-2 sagat) agşamlyk gezelenç öýlänlik nahardan soň (takmynan 
2-2,5 sagat) geçirilmelidir.
Tomsuna onuň dowamlylygy köpeldilip bilner. Çagalar bagynyň 
meýdança synda her topar üçin niýetlenen ýerleri bolmaly. Şol ýerde 
oýnamak üçin dürli gülleri ekmek, idetmek üçin dürli mümkinçilikler 
döredilmelidir. Her toparyň ýeri gyrymsy agaçlar bilen bölünmelidir.

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling