Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Medeni-arassaçylyk endiklerini öwretmegiň ýollary


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet28/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Medeni-arassaçylyk endiklerini öwretmegiň ýollary. Çagalar 
ba gyn da körpelere medeni-arassaçylyk endiklerini öwretmek üçin de-
giş li şertler zerurdyr. Her topardaky çagalara gabat gelýän 2-3 el-ýüz 
ýuwulýan, sabyn, el süpürgiji, geýim we aýakgap çotgalary ge rekdir. 
Nahar iýilýän gaplar we beýleki enjamlar hem toparyň ýaş aýratyn-
lygyna laýyk gelmelidir. Çagalar bagynda hemme pedagogik çäreler 
berk gün tertibinde alnyp barylmalydyr. 
Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň pikirlenme hadysalarynyň görüş 
obrazly bolmagy üçin terbiýeçiniň düşündirişi görkezmek bilen bile-
likde alnyp barylmalydyr. 
Çagalar bagynyň gün tertibi. Çaganyň beden taýdan sagdyn 
ösmeginde ylmy taýdan dogry düzülen gün tertibiniň uly ähmiýeti 
bardyr.
Gün tertibi diýlip çagalaryň günüň dowamynda etjek ähli işle-
ri niň: ukusynyň, iýmitiniň, gezelenjiniň ylmy taýdan yzygiderli dü-
zülmegine aýdylýar. Çagalaryň berk gün tertibine eýermegi olar da 
kem-kemden uýgunlaşan endigiň (dinamiki stereotipiň) döremegine 
alyp barýar. Şeýle edilse, çaganyň nerw ulgamynyň kadaly ösmegine 
getirýär. 
Gün tertibiniň düzülmeginde çaganyň ýaş aýratynlygy, pasyl, 
ýer li ýagdaýy göz öňünde tutulmalydyr.


46
iii bap
Gün tertibi ylmy esasda düzülmelidir. Çagalaryň iýmit iýmeli 
wagty, uklamaly wagty olaryň ýaş aýratynlygyna görä ylmy taýdan 
dogry düzülen bolmalydyr. Şeýle-de gün tertibiniň dogry düzülme-
ginde şu aşakdaky talaplar berjaý edilmelidir. 
1. Niýetlenip düzülen toparyň ýaş aýratynlygy.
2. Gün tertibi berk berjaý edilmelidir we ol üýtgäp durmaly däl-
dir.
3. Çagalaryň çagalar bagynda bolýan wagtlary göz öňüne tutul-
malydyr.
4. Gün tertibi düzülende ýylyň pasyllary göz öňüne tutulmaly-
dyr.
5. Ata-enesiniň iş wagty hem göz öňünde tutulmaly.
Gün tertibi ýylyň dowamynda iki gezek üýtgedilýär – howanyň 
yssy we sowuk wagty üçin aýry düzülýär. Gün tertibiniň berjaý edil-
mezligi çaganyň nerw ulgamyna, onuň kadaly işleýşine uly zyýan 
edýär. Meselem, ukynyň başlanýan wagtynyň, dowamlylygynyň üýt-
gemegi çagalaryň nerw ulgamynyň kadaly ösüşine zyýan edýär. 

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling