Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet43/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   39   40   41   42   43   44   45   46   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
Bir mysal, çagalar meýdançada oýnap ýörler. Oraz diýen çaga 
pökgi oýnap ýör. Geldi diýen çaga geläge-de, Orazy urup goýberip, 
onuň pökgüsini alyp gidýär. Oraz aglap galýar. Meret diýen çaga Ora-
zy köşeşdirýär. Oňa öz oýnap oturan maşynjygyny berýär we kelle-
sinden sypaýar. “Al, Oraz, sen aglama, ine, şu maşynjygy oýnaber” 
diýip gidýär. 
Meret diýen çagada ýoldaşyňa kömek etmek, düzgüni bozýany 
ýazgarmak duýgusy bar.
4-5 ýaşly çagalaryň ahlak duýgulary aňly, düşünjeli häsiýete eýe 
bolup başlaýar. Olar indi Watan näme?, Ony näme üçin söýýäris? 
Biziň Prezidentimiz kim? diýen ýaly soraglara aňly düşünýärler. 
Mekdebe çenli uly ýaşly (6-7) çagalaryň ahlak duýgulary has çuň-
dur we giňdir. Indi olar nämäniň gowudygyna, nämäniň erbetdigine 
aňly düşünýärler. Indi olaryň Watana, Mähriban Prezidentimize bolan 
hormat duýgulary has giň bolýar. 6-7 ýaşly çagalar ulular, ýoldaşlary 
bilen mylakatly salamlaşýarlar, sagbollaşýarlar. Kömek edilen zat 
üçin “sag bol” aýtmagy endik edýärler.
Çagalar bagynda berilýän ahlak terbiýesiniň mazmuny. Ça-
galar bagynda ahlak terbiýesiniň mazmuny “Türkmenistanda mekde-
be çenli ýaşly çagalara bilim we terbiýe bermegiň Milli maksatnam-
asynda” görkezilendir. Çagalary ah lak taýdan terbiýelemeklik çagalar 
baglarynda alnyp barylýan ähli terbiýeçilik işleriniň üsti bilen alnyp 
barylýar.
Çagalary ahlak taýdan terbiýelemegiň mazmuny şu aşakdaky lar-
dan ybaratdyr. 
Watana bolan söýgini terbiýelemek, türkmen halkyna, onuň çek-
ýän zähmetine çäksiz söýgini terbiýelemek, medeniýetliligi terbi-
ýelemek, moral sypatlary terbiýelemek. Ine, şu aýdylanlar ahlak 
ter biýesiniň mazmunyna degişlidir. Çagalary ahlak taýdan terbiýele-
meklik oýunda, zähmetde, sapaklarda, gezelençlerde we başga-da 
ähli işlerde amala aşyrylýar. 

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   39   40   41   42   43   44   45   46   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling