Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Çagalary ahlak taýdan terbiýelemekde terbiýeçiniň moral
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
Çagalary ahlak taýdan terbiýelemekde terbiýeçiniň moral
keşbi. Terbiýeçi diňe öz işini doly we dogry alyp barmak bilen çäklen- män, eýsem, köpçülik ýerlerinde, maşgalasynda, işleýän ýerinde özü- ni ýokary moral sypatly alyp barmalydyr. Onuň ýoldaşa wepalylygy, *5. Sargyt №03 66 iii bap adamkärçiligi, watansöýüjiligi beýleki adamlara, öz terbiýeleýän ça- galaryna görelde bolmalydyr. Mekdebe çenli çagalary ahlak taýdan terbiýelemegiň usulla- ry. Çagalary ahlak taýdan terbiýelemegiň esasy usuly, olara ahlak düz günlerini durmuşda görkezip, öwretmekden ybaratdyr. Gury söz bilen öwretmelere, ýagny “şeýle etmeli”, “şeýle bolmaly” diýlenlere gowy düşünmeýärler. Çaga näçe kiçi bolsa, oňa öwredilýän ahlak kadalar takyk bol- malydyr. Terbiýeçi çagalara topara girende salamlaşmagy, ýoldaşyň oýnawajyny ýere gaçyrsa, alyp bermeklige kömek etmegi, dargap ýa- tan oýnawaçlary ýygnaşdyrmagy, gapydan uly adamlary ilki goýber- mekligi, özüňe kömek edilen zat üçin “sag bol” aýtmaklygy birnäçe gezek gaýtalap öwretmelidir. Terbiýeçi kähalatlarda çagalaryň öňünde özleriniň pikirlenmegi üçin bir mesele goýýar. Meselem, Aşyr ýaraman çagalar bagyna birnäçe gün gelmeýär. Terbiýeçi çagalara ýüzlenip, “Çagalar, biz nähili edip Aşyra kömek edip bileris!”diýýär. Çagalar dürli pikirleri aýdýarlar. Terbiýeçi çagalaryň: “Aşyra gowy surat çekip, kagyzdan ýelimläp, gowy za- tlary ýasap, oňa hat ýazaly” diýen pikirlerini goldaýar. Ine, şeýle ýagdaý çagalarda dostluk, doganlyk, adamkärçilik ýaly duýgularyň ösmegine kömek edýär. Çagalary ahlak taýdan terbiýelemekde, ýagny degişli usul ulan- makda çagalaryň ýaş aýratynlygy göz öňünde tutulmalydyr. Çaga näçe ýaş bolsa, olaryň her bir kiçijik üstünligini öwmelidir. Terbiýeçi uly toparyň çagalaryndan talap edijiligi güýçlendirýär. Käbir çagalara duýduryş berýär, utandyrýar. Olaryň uly çagalardygy- ny, özbaşdak köp zatlary edip bilýändigini, uly adamlara päsgel ber- mezligini düşündirýär. Terbiýeçi çagalary ahlak taýdan terbiýelemekde uly adamlaryň we çagalaryň gowy eden işlerini mysal getirip düşündirmelidir. Çagalar şol gowy zatlara öýkünýärler. Çagalar, köplenç, öz terbiýeçileriniň ýöreýşine, adamlar bilen salyhatly, medeniýetli gepleýşine, salamlaşyşyna, sag bol aýdyşyna, ähli edýän herekletlerine öýkünýär- ler. Käbir ýagdaýlarda çagalar öz ata- enelerine, gowy görýän adam- laryna öýkünýärler. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling