Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet52/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   48   49   50   51   52   53   54   55   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
Ata-babalarymyz ýaş nesli terbiýelemek üçin dürli terbiýeçilik 
usullaryny we tärlerini döredipdirler. Şeýle terbiýeçilik tärleriniň 
iň täsirlileriň biri-de milli oýunlardyr. Ýurdumyzyň milli tebigy 
aýratynlyklary esasynda dörän milli oýunlar ösüp gelýän ýaş nesli 
ahlak, zähmet, akyl, beden taýdan terbiýelemekde bahasyna ýetip 
bolmajak uly ähmiýete eýedir. 
Çagalaryň ilkinji oýunlaryna uly adamlar ýolbaşçylyk edýärler. 
Çaga soňra uly adamlara öýkünüp, özbaşdak oýnap başlaýar. Soňra 
oýny guramak işi çaganyň eline geçýär. Ýöne bu döwürde hem 
adamlaryň ýolbaşçylyk roly saklanyp galýar. Çaga oýunlary köpdür-
lüdir. Olaryň hemme görnüşleriniň hem bilim we terbiýe berijilik äh-
miýeti uludyr. Çagalara täze bilim, täze düşünje bermekde öwrediji 
oýunlaryň orny uludyr. Muňa mysal edip, türkmen milli oýunlaryndan 
“Jübütmi-täk?”,”Bil, näçe?” we başga-da birnäçe oýunlary görkezmek 
bolar.
oýunlaryň çagalary beden taýdan terbiýelemekdäki ähmi-
ýeti. Çaga bedeni hemişe ösüşde bolýar. Aýratyn-da mekdebe çenli 
ýaşly çaga günsaýyn, sagatsaýyn beden taýdan ösýär, ýagny agramy 
artýar,boýy ösýär, psihiki taýdan hem öňe gidýär. Çagany ösdürýän
hereketdir. Çagada hereket etmäge uly talap bardyr. Şonuň üçin çaga 
oýun oýnap, özüniň herekete bolan islegini kanagatlandyrýar. 
Çagalary beden taýdan terbiýelemekde türkmen milli oýun-
larynyň ähmiýeti. Adamzadyň kadaly durmuşy üçin ilki bilen sag-
lyk gerekdir. Şonuň üçin ata-babalarymyz “Saglyk – beglik” diýipdir-
ler. Elbetde, ynsanyň janynyň sag bolmagy köp zatlara bagly. Saglyk 
üçin ilkinji zerurlyklaryň hatarynda daş-töweregiň goralmagyny, 
arassaçylyk düzgünleriniň saklanylmagyny, kadaly iýmiti, dynç alyş 
düzgünleriniň berjaý edilşini we beýlekileri agzamak bolar. 
Çagalary ahlak taýdan terbiýelemekde milli oýunlardan 
peý da lanmak. Halkymyzda “Ýüz gezek eşidenden, bir gezek gören 
ýagşy” diýen dana söz bar. Ata-babalarymyz ýaş nesle ahlak terbiýesini 
bermekde öz deň-duşlary bilen agzybir bolmaklygyň, gerek ýerinde 
goldamaklygyň, kömek etmegiň gerekdigini ýöne ýerden gaýtalap 
ýörmän, şerti boýunça agzybirlik, birek-biregi sylamak, arkalaşmak 
ýaly zatlary talap edýän oýunlaryň üsti bilen terbiýelemegiň oňat ne-


78
iii bap
tije berýändigine göz ýetiripdir. Ikinji bir ähmiýetli tarapy hem çaga-
lar dürli maşgalalardan bolansoňlar, olar dürli hili terbiýe alýarlar. 
Seýrek hem bolsa”Süri agsaksyz bolmaz “ diýlişi ýaly, il-günüň 
arasynda käbir maşgalalarda çagalaryna terbiýe bermekde agzybirlik, 
arkalaşyk ýaly zatlar barada kemter gürrüň edilýär. Şeýle bolanda şol 
maşgalalarda terbiýelenen çagalara zerur ahlak häsiýetleri deň-duşlary 
bilen oýnaýan oýunlarynyň üsti bilen geçipdir. Oýunda oýnuň şertini 
ýerine ýetiripdir, durmuşda şeýle synaglaryň adamzada gerekdigine, 
şeýle gowy häsiýetleriň bolsa, özi hem-de töweregindäki adamlar 
üçin oňat bolýandygyna düşünipdir. Sebäbi oýnuň şertini berjaý 
etmeseň, oýna gatnaşdyrmaýarlar. Eger käbir ýaramaz hereketleriň, 
häsiýetleriň üçin oýna gatnaşdyrmaýan bolsalar, durmuşda-da şeýle 
hereket etseň, il-güne goşulyp bolmajakdygyna özleri göz ýetirýärler. 

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   48   49   50   51   52   53   54   55   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling