Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Türkmen milli oýunlarynyň akyl terbiýesini bermekdäki
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
Türkmen milli oýunlarynyň akyl terbiýesini bermekdäki
ähmi ýeti. Akyl-paýhas meselesi dürli döwürlerde, islendik jemgyýetde wajyp meseleleriň biri bolmagynda galýar. Sebäbi akyl-paýhas adam- zadyň, olaryň arasyndaky dürli we köptaraply gatnaşyklaryň kadaly alnyp barylmagynda esasy orny eýeleýär. Ata-babalarymyzyň nähili sypatlary (gylyk-häsiýetleri) özünde jemleýän adama akylly-baş ly adam diýýändikleri barada görnükli pedagog alym Gurban Pir liýew şeýle belleýär: “Halk pedagogikasy akyllylygyň esasy alamatlary diýip adamyň bilimliligini, düşbüligini, parasatlylygyny, öz öňünde dogry we güýç- ýeter maksatlar goýup, olara ýetmegi başarmagyny, synçylygyny, paýhaslylygyny, daşyny gurşaýan hakykata dogry baha bermek we onda dogry hereket etmek ukybyny, ahlak kämilligini, her bir ýagdaý- dan baş çykaryp bilmek başarnyklaryny kemala getirýär”. Pedagoglaryň pikiriçe, çaganyň bilim almagynda diňe kitap oka- mak ýeterlik däldir, eýsem, çaganyň bilim almagynda oýunlaryň-da ähmiýeti uludyr. Dürli oýunlar çagalaryň beden taýdan ösmeginiň es- asy serişdesi hasaplanylýar. Oýunlar çagalarda çalasynlygy ösdürýär, bedenlerini yssa we sowuga çydamly edýär. Çagada hereket etmäge talap güýçlüdir. Sebäbi onuň bedeni çalt ösýär. Çagalar oýun netijesinde özleriniň hereket etmäge bo- lan islegini kanagatlandyrýarlar. 79 Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek Oýnuň üsti bilen çaga öz akylyny baýlaşdyrýar. Daşky durmuş- dan täze düşünjeler alýar. Sapakda, gezelençde alan bilmleriniň üstü- ni doldurýar. Çagalar oýun oýnanlarynda dostluk, ýoldaşlyk hem-de Watana bolan söýgülerini we beýleki asylly häsiýetlerini ýüze çykar- ýarlar. Sebäbi ol öz oýnaýan oýnunyň mazmununa ýa-da keşbine öýkünmäge ýykgyn edýär. Meselem, alty ýaşly çagalar kiçijik topar bolup”Maşgala” oýnuny oýnaýarlar. Maşgala agza la ry nyň oýundaky agzybirligi, myhmançylyga gelenleri güler ýüz bilen gar şylamagy olaryň zähmete bolan söýgülerini ýüze çykarýar. Çagalar, köplenç, köplük bolup oýnaýarlar. Bu-da çagalarda dost luk ýaly gowy duýgulary terbiýeleýär. Oýunlaryň düzgünlerini dogry ýerine ýetirmekleri körpelerde dogruçyllygy, ak ýürekliligi ter- biýeleýär. Çagalar bagynyň gün tertibinde oýunlary guramak üçin şu aşak- daky wagtlar amatlydyr: Körpeleriň çagalar bagyna kabul edilen wagtyndan ertirlik naha- ryna çenli (30-40 minut). Ertirlik naharyndan soň tä sapak geçilýänçä (15-20 minut). Gezelenç döwründe (1,5-2 sagat). Gündiz ukudan soňky oýunlar (1-1,5 sagat). Oýunlar bedenterbiýe sapaklarynda guralýar. Her sapagyň mazmuny maksadyna görä, degişli hereketli oýunlar saýla nylyp al- ynýar. Pedagoglar çagalaryň beden ýagdaýlaryny hem-de ýerli şertleri göz öňünde tutup, bu oýunlary öz mümkinçiliklerine görä, birneme çylşyrymlaşdyryp ýa-da ýeňilleşdirip bilerler. Download 0.56 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling