Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Milli baýramçylyklar we göwnaçmalar
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
9. Milli baýramçylyklar we göwnaçmalar
Çagalar bagynda ählihalk we milli baýramçylyklary dabara ly we şatlykly belläp geçmek gowy däpleriň birine öwrüldi. Pedago - gik taýdan oýlanyşykly, gowy taýýarlykly bellenilip geçilýän baý- ram çylyklaryň bilim we terbiýe berijilik ähmiýeti örän uludyr. Baý- ramçylyklaryň meýilnamasy 30-35 gün öňünden çagalaryň ýaş aýra tynlyklary, baýramçylyklaryň many-mazmuny göz öňünde tutu- lyp düzülmelidir. Şatlykly-şagalaňly, aýdymly-sazly dürli gyzykly oýunlar bilen bellenilip geçilen baýramçylyk ertirlikleri çagalaryň ýatlaryndan köp wagtlap çykmaýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda şu aşakdaky baýramlar ýörite bellenilip geçilýär. 27-28-nji oktýabr - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni. 19-njy fewral - Döwlet baýdagynyň baýramy. 8-nji mart - Halkara zenanlar baýramy. 7-nji aprel – Halkara saglyk güni. 9-njy maý – Ýeňiş baýramy. 1-nji iýun – çagalary goramagyň Halkara güni. Şeýle-de çagalar bagynda terbiýe alan çagalary mekdebe daba- raly ugratmak baýram edilip bellenilýär. Ol okuw ýylynyň ahyrky 83 Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek günleri bellenilip geçilýär. Baýramçylyk çäresini ir bilen ertir- lik iýenlerinden soň, entek çagalar ýadamanka (takmynan 9 00 - 9 30 ) başlamak talabalaýykdyr. Baýramçylygyň dowamlylygy uly we me- kdebe taýýarlaýyş toparlarynda 40-45 minut, orta we kiçi toparlarda 30-35 minut bolýar. Eger-de ertirlik baýramçylyklarynyň dowamly- lygy uzaga çekse, çagalar ýadaýarlar, olaryň höwesi gaçyp, terbiýe berijilik ähmiýeti peselýär. Şeýle-de baýramçylyk çäresine ata-eneler, golaýda ýerleşýän mekdeplerden başlangyç synp mugallymlary, goňşy çagalar baglaryn- dan myhmanlar çagyrylýar. Baýramçylyk çäresi başlanýan wagty çagalar bagynyň müdiri hem melere ýüzlenip, baýramçylyga gatnaşýanlaryň ählisini geçiril- ýän baýramçylyk bilen mähirli gutlaýar. Birnäçe baýramçylyklary her bir topar öz topar otaglarynda hem belläp geçýär. Terbiýeçi olara baýramçylygyň many-mazmunyny, terbiýeçilik ähmiýetini giň den düşündirýär. Çagalary çagalar bagyndan mekdebe dabaraly ugratmak däp bo - lup gelýän baýramçylyklaryň biridir. Baýramçylyklary şatlykly-şa- galaňly guramak çagalar bagynda ak ýürek bilen işleýän terbiýeçilere, aýdym-saz mugallymyna we beýleki işgärleriň agzybirlikde gurama- çylykly işlemeklerine baglydyr. Her bir toparyň terbiýeçisi, aýdym- saz mugallymy baýramçylyklara öňünden taýýarlyk görmelidir. Baýramçylyklara taýýarlyk işleri 1-1,5 aý öňünden başlanmalydyr. Ol taýýarlyklar geçilýän sapaklara päsgel bermeli däldir. Çagalaryň goşgulary ýat tutmaklygyny, saza goşup, tans etmekligini gezelenç, öýlänki gezelençler wagtynda gurnap bolar. Baýramçylyk ertirligi ge çi rilip gutarylandan soň, onuň geçirilişi nobatdaky maslahatda ara alnyp seljerilýär we baha berilýär. Baýramçylygyň talabalaýyk meýilnama boýunça geçirilişine şol maslahatda adalatly baha ber- ilýär. Baýramçylyklaryň usuly taýdan talabalaýyk geçirilmegi, tabşyrylan işiň doly we dogry ýerine ýetirilmegi indiki baýramçylyk dabaralarynyň gowy geçirilmegine kömek edýär. Download 0.56 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling