Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
Göwnaçmalar. Mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin milli baýram-
çylyklar ýaly göwnaçma çäreleriniň uly terbiýe berijilik ähmiýeti bardyr. Göwnaçmalary her bir topar aýratynlykda günüň ikinji ýary- 84 iii bap mynda guraýar. Olary aýda 2-3 gezek geçirmeklik maslahat berilýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalar özbaşdaklygy, döredijilik işleri bilen meş- gul bolmagy örän gowy görýärler. Çagalar bagynda dürli mazmunda gurnalýan göwnaçma agşamlarynyň üç hili görnüşi bardyr: Uly ýaşly adamlaryň çagalar üçin guraýan göwnaçma çäreleri. Çagalaryň öz güýçleri, döredijikleri boýunça guraýan göwnaç ma çäreleri. Ulularyň hem-de çagalaryň bile gatnaşmagynda guralýan göwnaçma agşamlary. Ýurdumyzda howa şertleriniň maýyl bolmagyna görä, göwnaçma çäreleri daşarda ýörite niýetlenen basdyrmalaryň aşagynda guralsa has gowy, gyzykly, şowhunly geçýär. Göwnaçma çäreleri uly we mekdebe taýýarlaýyş toparynda özbaşdak guralýar. Çagalaryň özbaşdak göwnaçma agşamlaryny meýilnamalaş dyr- maga ähli taýýarlyk işlerine ýakyndan kömek etmelidir we maslahat bermelidir. Göwnaçmalaryň mazmuny örän köpdürlüdir. Çagalar mazmun taýdan kyn bolmadyk ertekileri, hekaýalary sahnalaşdyryp, aýdym aýdyp, goşgy okap, şagalaň guraýarlar we ş.m. Uly toparyň çagalary gurjaklary oýnadyp, oýun guraýarlar. Çagalar toparlara, toparjyklara bölünip, sport ýaryşlaryny gurnaýarlar. Göwnaçma çärelerini aýdym- sazsyz göz öňüne getirmek kyndyr. 5-6 ýaşlaryndaky çagalar sa za goşup, tans etmegi gowy görýärler. Käbir geçirilýän göwnaçmalar aýdym-sazy diňlemeklige bagyşlanýar. Çagalar baglarynda toparyň çagalarynyň doglan günlerini (2-3 çagany goşup) aýdym aýdyp, tans edip, belläp geçmek hem bolýar. Günüň ikinji ýarymynda mümkinçilik bar ýerlerinde 20-25 minut ça- galara niýetlenen multflmlere tomaşa etmek bolar. Download 0.56 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling