Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet55/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
bagynyň dürli toparlarynda çagalaryň ýaş aýratynlygy boýunça şu 
aşakdaky oýnawaçlaryň görnüşleri bolmalydyr: 
Kiçi toparda rezinden ýasalan dürli haýwanjyklar, piramidalar, 
gurjaklar we oňa gerek bolan öý goşlary (stol, stul, gap-çanak we 
beýlekiler), ýeňil we ýük maşynlary, awtobus, otly (wagonlary bilen) 
hem-de dürli gurluşyk materiallary gerekdir. 
orta toparda halka, bökülýän ýüp, dürli ululykda bolan rezin 
pökgüleri, gurjaklar (geýimlerini geýdirip hem-de çykaryp bolýan), 
öý goşlary, gap-çanak, ýumşak materialdan edilen öý haýwanlary, 
guşlar hem-de aýy, towşan we tilki ýaly oýnawaçlar gerekdir. Şeýle-
de maşynlaryň we traktorlaryň dürli görnüşleri, wagonlar, uçar, gö-
teriji kran, terezi ýaly tehniki oýnawaçlar bolup biler. 
Uly toparda çagalaryň köpräk hereket etmeklerini talap edýän 
dürli ululykdaky rezin pökgüleri, iki we üç aýakly tigir gerekdir. 
Çagalaryň mekdep oýunlaryny guramak üçin stol, stul we tagtajyk 
gerekdir. Körpeleriň özbaşdak döredijilikli oýunlary üçin çagalar 
bagynda gerekli oýnawaçlar bolmalydyr. Bulardan başga-da deprek, 
tüýdük hem-de tow berilýän oýnawaçlary çagalar örän gyzygyp 
oýnaýarlar.
Mekdebe taýýarlaýyş toparlaryndaky körpeleriň oýnawaçlary-da 
uly ýaşlylar toparynyňka golaýdyr. Körpeler bulardan başga-da köp 
oýnawaçlary özleri ýasap oýnaýarlar. Olar “Mekdep”, “Çagalar bagy”, 
“Teatr”, “Dukan” ýaly döredijilikli oýunlary guramagy halaýarlar. Bu 
oýunlaryň mazmunly guralmagy üçin zerur oýnawaçlaryň bolmagy 
gerekdir. Çagalaryň şaşka hem-de “Içýan agzy”, “Üç çöp”,”Aşyr at-
dy”,”Düzzüm” ýaly türkmen milli oýunlaryny oýnamaklary olaryň 
özbaşdak pikirlenmesini ösdürýär. Toparda bu oýunlary guramak 
üçin gerekli gurallar bolmalydyr. 
Terbiýeçiniň göz öňüne tutmaly zatlarynyň biri-de, çagalara bir-
bada köp oýnawaç bermezligidir. Sebäbi beýle bolanda çaganyň olary 
oýnamaga bolan höwesi az bolýar. Birden çaganyň köp oýnawaja 
gözi düşýär-de, haýsy birini oýnajagyny bilmeýär. Şeýle bolmazlygy 
üçin bir wagtyň özünde her toparyň çagalaryna 7-8 görnüşden köp 
oýnawaç hödürlemek maslahat berilmeýär. Topardaky bar oýnawaç-
lar hem bir-iki hepdeden soň başga oýnawaçlar bilen çalşyrylyp du-
rulmalydyr. Şeýle edilende, körpeler öňki oýnan oýnawaçlaryny ýene-
*6. Sargyt №03


82
iii bap
de tä zeden höwes bilen oýnaýarlar. Howanyň maýyl aýlary çagalaryň 
köp hereket etmegini talap edýän oýnawaçlar, sowugrak wagtlarda 
bol sa, jaýda oturylyp oýnalýan oýnawaçlar hödürlense, maksada 
laýyk bolar.
Her bir toparda oýnawaçlary tertipli saklar ýaly, ýörite burç bol-
ýar. Oýnawaçlar belli bir toparlar boýunça şol burçda aýry-aýrylykda 
goýulýar. Mysal üçin, şkafyň bir gapdalynda rezin oýnawaçlar sakla-
nylsa, beýlekisinde demirden ýasalan oýnawaçlar durýar. 
Bulardan başga-da her bir toparda türkmen milli geýimleri geý-
dirilen gurjaklar, öý goşlary, gap-çanak, kagyzdan ýa-da matadan su-
raty çekilip ýasalan halyjyk, nebit wyşkajygy, goýun-geçiler, düýe we 
sygyr ýaly oýnawaçlar bolmalydyr. Her bir terbiýeçi çagalaryň asylly 
sypatlarda terbiýelenmeklerinde oýnawaçlaryň ähmiýetine uly üns 
ber melidir. 

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling