Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Çagalar bagy bilen mekdebiň işiniň arabaglanyşygy
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
10. Çagalar bagy bilen mekdebiň işiniň arabaglanyşygy
Mekdebe çenli ýaşly edaralarynyň tejribesinde çagalar bagy bilen mekdebiň arasyndaky gatnaşyga uly ähmiýet berilýär. Bu aragatnaşyk iki ýol bilen alnyp barylýar: 85 Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek Çagalar bagynyň terbiýeçileriniň we mugallymlarynyň ara bag la- nyşygy mekdebe taýýarlaýyş toparynyň we 1-nji synp okuw çy larynyň bilimini berkidýär. Terbiýeçiler mekdebiň terbiýeçilik işleri bilen tan- şyp, mekdepde geçilýän temalary öwrenip, çagalaryň bilim derejeleri- ni ösdürmeklige degişli işleri öwrenip, mekdebiň talap edýän işlerini ýola goýmaly. Mekdep mugallymlary hem öz gezeginde çagalar bag- ynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri bilen tanyşýar lar hem- de çagalaryň alan bilimleri bilen gyzyklanýarlar. Terbiýeçi leriň we mugallymlaryň arasyndaky şular ýaly arabaglanyşyk dürli-dür lüdir: 1-nji synpyň maksatnamasy hem-de çagalar bagynyň maksat- na masy bilelikde maslahatlaşylyp düzülse we öwre nil se tala bala ýyk bo lar. Mu gallymlaryň mekdebe taýýarlaýyş topary nyň iş le ri bi len ta - nyş ma gy, ola ryň bilimleri we başarnyklary bilen tanyşmagy, mu gal- lym la ryň çaga lar baglaryndaky sapaklara gatnaşmagy, ýylyň başynda we so ňun da mekdebe taýýarlaýyş toparyň çagalarynyň mugallymlar ta ra pyn dan synla nylmagy, olaryň käbirleri bilen söhbetdeşlik guralma- gy, mekdebe taýýarlaýyş toparyň işiniň barşy baradaky maslahatlara gatnaş magy hökmandyr. Terbiýeçileriň öz okadan çagalaryny oku- wyň ilkinji aýlarynda synlamagy olaryň täze topara nähili öwreniş- ýän digini, 1-nji synpyň okuw meýilnamasyny nähili özleşdirýändik- lerini, ola ryň nähili kyn çylyklara sezewar bolýandyklaryny bilmek üçin mek dep lerde 1-nji synpyň ýetişigi boýunça geçirilýän maslahata gatnaşmagy hökmandyr. Mekdebe taýýarlaýyş toparlaryndaky çagalaryň mekdebe taýýarla nylyşynyň meseleleri barada maslahatlaryň geçirilmegi, ped- agogik we psihologik edebiýatyň täzelikleri bilen tanşylmagy hem-de bilelikde olaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy zerurdyr.. Mekdebiň we çagalar bagynyň şular ýaly arabaglanyşygy olaryň biri-birine düşünmekligine getirýär. Terbiýeçiler mekdebiň talabyny özleşdirýärler hem-de öz işinde olardan ugur alýarlar. Mugallym- lar hem öz gezeginde çagalar bagynyň işleriniň usuly bilen tanşyp, özleriniň terbiýeçilik işlerini alyp barýarlar. Mekdebe taýýarlaýyş toparyndaky çagalaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasyndaky gatnaşyk okuw ýylynyň dowamynda al- nyp barylýar. Mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň çagalaryny mekdep, 86 iii bap mekdep durmuşy bilen tanyşdyrmaklyk, ola ryň mekdebe bolan söýgüsini artdyrmaklyk hem-de göreldeli okuwçylara meňzemeklerini tabşyrmaklyk hem çagalar bagynda terbiýelenýän çagalaryň mekdep barada düşünjelerini giňeltmeklige ýardam edýär. Bu işiň görnüşleri dürli-dürli bolup biler. Meselem, mekdebe ge- zelençler guramak, mekdep muzeýine, kitaphanalaryna gitmek, mek- dep bilen bilelikde açyk sapaklary guramak, suratlaryň we dürli el işleriniň sergisini guramak, çagalar bagynda öň bilim alyp giden ça- galar bilen duşuşyklary guramak. Çagalar bagy bilen mekdebiň arasynda döredijilik, terbiýeçilik tejribelerini alyşmagyň ähmiýeti uludyr. Download 0.56 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling