89
Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
Sapaklar. Çagalar bagynda körpeleriň hemmesi bilen sapaklar
öňünden düzülen meýilnama boýunça gün terti binde bellenilen wagt-
da terbiýeçi tarapyndan guralýar. Hökmany sa pak lara hemme çagalar
gatnaşýarlar. Çagalara bilim bermek we olarda topar bolup işlemek
endiklerini ösdürmek maksady bilen hökmany sapaklar bütin ýylyň
dowamynda çagalar bagynyň hemme toparlarynda her gün geçirilýär.
Hökmany sapaklaryň terbiýeçilik we bilim berijilik ähmiýeti
bar, terbiýeçi çagalara maksatnama materiallaryny yzygider bermeli.
Olara täze bilimleri we endikleri öwretmeli.
Çagalar bilen gündelik guralýan sapaklaryň dowamlylygy kiçi
toparda 10-15, orta toparda 15-20, uly toparda 20-25,
mekdebe
taýýarlaýyş toparynda 25-30 minutdan köp bolmaly däldir. Sapaklar
hemişe günüň birinji ýarymynda ertirlik nahardan soň guralýar.
Do'stlaringiz bilan baham: