iii bap
Çeperçilik taýdan ukyply körpeler öz ukyplaryny ösdürýärler we
kämilleşdirýärler.
Çagalar bagynda gözellik terbiýesiniň serişdeleri. Çagalary
gö zellik taýdan terbiýelemek olary durmuşdaky, zähmetdäki, tebi-
gat daky gözellikler hem-de sungat eserleri bilen tanyş etmekden baş-
lanýar.
Çagalary gözellik taýdan terbiýelemegiň şu aşakdaky serişdeleri
bardyr:
1. Çagalar bagynyň daş- töwereginiň, otaglarynyň arassa, ýerbe-
ýer bolmagy.
2. Dürli predmetleriň ýerbe-ýer goýulmagy, öý goşlarynyň reňki,
görnüşleri.
3. Sungat eserleriniň bezeg üçin goýluşy.
4. Çagalary gözellik taýdan terbiýelemekde aýdym-saz, surat,
şekil ýasamak, gurnak sapaklarynyň uly ähmiýeti bardyr.
Çagalar bagyndaky gündelik geçilýän sapaklarda, gezelenç ler-
de çagalar Beýik Galkynyş zamanasyndaky täze- täze bina edil ýän
ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepdir çagalar baglaryny, olaryň daş-tö we-
reginiň owadanlygyny, göni köçeleri olaryň örän arassalygyny syn-
laýarlar.
8. Çagalar bagynda oýunlar
Oýun çagalaryň iň gowy görýän güýmenjesidier. Çaga durmuşyny
oýunsyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Sonuň üçin adamyň ça-
galyk döwrüne oýun döwri hem diýilýär. Pedagogika ylmynda oýun-
lar çagalary hemmetaraplaýyn terbiýelemegiň esasy serişdeleriniň
biri hasaplanylýar. Psihologiýa ylmynda oýun mekdebe çenli ýaşly
çagalaryň esasy işleriniň biri diýlip düşündirilýär. Şonuň üçin-de
pedagogika we psihologiýa ylmy çagalary terbiýelemekde oýunlaryň
bilim we terbiýeçilik ähmiýetine ýokary baha berýär. Bu barada en-
çeme makalalar we kitaplar ýazyldy.
Alymlar we pedagoglar çaga oýunlaryny gadym wagtlardan
bä ri öwrenipdirler we olary ýaş ösüp gelýän nesli hemmetaraplaýyn
terbiýelemegiň esasy serişdeleriniň biri hökmünde peýdalanypdyrlar.
77
Do'stlaringiz bilan baham: |