Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Çagalaryň tebigat bilen bagly zähmeti
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Gol zähmeti.
- Nobatçylyk.
Çagalaryň tebigat bilen bagly zähmeti. Çagalar ösümlikleri
ösdürmek, haýwanlary idetmek boýunça ilkinji düşünjeleri öwrenýär- ler. Çagalaryň tebigatda zähmet çekmeginiň terbiýe berijilik ähmiýeti örän uludyr. Tebigatda zähmet çekmek çagalarda syn edijiligi ös- dürýär, daş-töwerekdäki hemme janly-jandarlar barada alada etmek duýgusyny döredýär. Çagalaryň tebigatda zähmet çekmegi olaryň be- den taýdan hem kadaly ösmegine oňat kömek edýär. Kiçi toparyň körpeleri uly adamlaryň kömek bermegi bilen akwariumdaky balyjaklary iýmitlendirýärler, jaýdaky güllere suw guýýarlar. Körpeler noýba, günebakar, gawun, garpyz, kädi ýaly ekinleri ekýärler. Çagalar bagynyň bakjasynda ösdürilip ýetişdirilen miweleri, gök-önümleri ýygnamaga gatnaşýarlar. Terbiýeçi zähmet döwründe körpelere täze düşünjeleri berýär, sözleýiş dilini ösdürýär. Mysal üçin, “Hany, kiçijik ýaprak?”, “Hany, uly ýaprak?”, “Bägülde näçe gül açylypdyr?” we ş.m. Orta toparyň çagalary otagdaky ösümliklere özbaşdak suw guý- ýarlar, janly burçdaky jandarlar üçin iýmit ýygnaýarlar. Terbiýeçi haý sy haýwana nähili iýmitiň gerekdigini düşündirýär. Uly we mekdebe taýýarlaýyş toparynyň çagalarynyň tebigatda çekýän zähmeti biraz çylşyrymlaşýar. Olar meýdançada we tebigat bur çunda ýylyň dowamynda zähmet çekýärler. Olar ösümliklere we haýwanlara seretmegiň käbir düzgünleri bilen amaly ýagdaýda 74 iii bap tanyş bolýarlar. Çagalar güýzüne ýere gaçan ýapraklary ýygnama- ga gatnaşýarlar. Olar birýyllyk we köpýyllyk ösümlikleri idetmegi öwrenýärler. Köpýyllyk gülleriň düýbüni ýumşadýarlar. Gyş aýyn- da meýdandaky guşlary iýmitlendirmäge gatnaşýarlar. Irki baharda suwly gapda şahajyklar goýup, onuň pyntyklaýşyna syn edýärler. Ýazyna ýerleri ýumşatmaga, joýa çekmäge gatnaşýarlar. Dürli gülleri oturdýarlar we olary idedýärler. Gülleri, gök ekinleri otamagy, peýda- ly otlar bilen haşal otlary tapawutlandyrmagy öwrenýärler. Çagalar bagynda körpeleriň talabalaýyk zähmet çekmekleri üçin zerur bolan şertler döredilmelidir. Gol zähmeti. Çagalar karton, kagyz, agaç we beýleki ýerli tebigat materiallaryndan ( gamyş, hyşa, miweleriň şänikleri), matalaryň, derileriň galyndy bölejiklerinden dürli oýnawaçlary we beýleki zatlary ýasaýarlar. Çagalar gol zähmetinde ýasan oýnawaçlaryny dürli oýunlarynda yhlas bilen oýnaýarlar, olaryň käbirini öz gowy görýän adamlaryna ýadygärlik berýärler. Nobatçylyk. Bu çagalaryň zähmetini guramagyň iň peýdaly we ähmiýetli gör nüşleriniň biridir. Çagalar zähmetiň dürli görnüşine gatnaşýarlar. Nobatçylygyň terbiýe berijilik ähmiýeti örän uludyr. Olar özüne tabşyrylan işi birkemsiz ýerine ýetirmeklige çalyşýarlar. Şeýle ýagdaý çagalarda öz ýoldaşlarynyň öňünde jogapkärçiligi ter- biýeleýär. Nobatçylyk orta topardan başlanýar. Çagalar ilki bilen nahar iýmekde nobatçylyk edýärler. Bu ýagdaýda her bir stola bir nobatçy ýa-da hemme topara iki-üç çaga nobatçy bellenilýär. Bu toparyň çagalary ikinji ýarym ýyldan sapak wagtynda no- batçylyk etmäge başlaýarlar. Terbiýeçi 2-3 çagany sapaga taýýarla- mak üçin öz ýanyna kömekçi edýär. Uly we mekdebe taýýarlaýyş toparynyň çagalary bulardan başga- da, tebigat burçunda nobatçylyk edýärler. Nobatçylyk edýän çagalar üçin öňlük (fartuk) bolsa gowy bolar. Amaly iş. Aýry toparlarda çagalar bilen zähmet işini guramagyň maksatnamalaýyn talaplaryny derňemek we seljermek. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling