Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň zähmet terbiýesi


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet46/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

6. Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň zähmet terbiýesi
Adamzat durmuşynda zähmetiň ähmiýeti. Zähmet hemme-
taraplaýyn ösen adamlary terbiýelemegiň iň zerur şertleriniň biridir.
Geçmişdäki akyldarlaryň aýtmaklaryna görä, adamy adam eden zäh-
metdir. Zähmet şahsyýetiň köptaraplaýyn ösmegine uly kömek edýär. 
Adam jemgyýetde zähmet çekmese, ýaşap bilmeýär. Adam zähmet 
netijesinde özüniň rahat durmuşyny üpjün edýär. 
Taryha ser salyp görsek, adamzat döräli bäri dürli zähmetleri 
çekip gelipdir. Adam öz zähmeti bilen medeniýetli, gowy ýaşap 
bilipdir. Adamlaryň bilelikde çeýän köpçülikleýin zähmeti jemgyýeti 
baýlaşdyrýar. 
Öndürijilikli, gowy zähmet çekýän adamlary hemme döwürlerde-
de hormatlapdyrlar. 
Halk döredijiliginde zähmetiň peýdasy, ähmiýeti barasynda köp 
nakyllar döräpdir. 
Meselem, “Işlemedik – dişlemez”. 
“Ýatan öküze iým ýok”. 
“Çekseň zähmet, ýagar rehnet”.
“Ir turan işinden dynar” we ş.m.


69
Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
Ertekilerde, dessanlarda hem päk zähmet çekýänler gowy 
adamlar edilip görkezilipdir. Biziň häzirki Garaşsyz, baky Bitarap 
döwletimizde hem erkana zähmet çekmeklige, hünär öwrenmeklige 
giň ýollar açyldy. 
Gowy zähmet çekip, özüni tanadanlar dürli ordenler, medallar, 
we başga-da birnäçe gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglanýar. 
Çagalar bagynyň terbiýeçileri mekdep ýaşyna ýetmedik 
körpelere ilkinji zähmet endiklerini berýärler we ulularyň zähmetini 
hormatlamak ýaly gymmatly ahlak häsiýetleri terbiýeleýärler. 
Zähmet çaganyň akylynyň, duýgularynyň ösmeginde, gyzyklan-
malarynyň artmagynda, gylyk-häsiýetiniň kemala gelmeginde möhüm 
rol oýnaýan serişdeleriň biridir. Çagalar bagynyň maksatnamasyna 
zähmetiň üç görnüşi girizilendir. Olar hojalyk zäh me tinden (nobatçy-
lyk), tebigatdaky zähmetden we gol zähmetin den ybaratdyr. 
Zähmetiň her bir görnüşi çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň 
umumy meselelerini, şeýle hem zähmetiň diňe şol görnüşinde çözülip 
bilinjek anyk meseleleri ýerine ýetirmek üçin bellenendir. Mysal üçin, 
hojalyk zähmeti çagalary durmuş hyzmatynyň predmetleri bilen tanyş 
edýär. Körpeler ol predmetler bilen iş salyşmagy öwrenýärler. Şeýle 
hem olarda öz-özüňe hem-de köpçülige hyzmat etmegi başarmak 
endikleri kemala gelýär. 
Çagalar tebigat bilen bagly zähmetde ösümlikler we haýwanlar 
bilen tanyşýarlar. Olar özleriniň ösmekleri we ulalmaklary üçin nähili 
şertleriň döredilmelidigine göz ýetirýärler. Körpeler gol zähmetinde 
bolsa kartonyň, matalaryň, agaçlaryň we beýleki materiallaryň hili 
we aýratynlyklary barada köp zatlary bilýärler. Bu meşgullanmalarda 
çagalara geljekde gerek boljak endikleriň birnäçesi öwredilýär. 
Ondan başga-da zähmetiň görnüşleri näçe köpdürli bolsa, şonça 
hem çagalarynyň elleriniň myşsalaryny berkitmäge, olaryň göz çe-
nini kämilleşdirmäge oňat şertler döredýär. 
Çagalar bagynda nobatçylygyň girizlimegi körpelere zähmet 
terbiýesini bermekde möhüm rol oýnaýar. Zähmetiň bu görnüşine 
dört ýaşyndaky çagalar (orta topardan) çekilýärler. Tarelkalary 
stoluň üstünde ýerleşdirmek, olaryň ýanynda çemçeleri goýmak gaty 
bir çylşyrymly iş däl. Emma ol çaga üçin kyn meseledir. Onda-da 


70
iii bap
öz ýerinde tertipli goýmagy talap etmelidiris. Terbiýeçi ilki bilen 
çagalara tarelkany, çemçeleri nirede we nähili goýmalydygyny 
öwredýär. Soňra kem-kemden terbiýeçiniň görkezmeleri ýatlatmak 
we gözegçilik etmek bilen çalşyrylýar. 
Nobatçylyk her günde 3-4 çagadan bellenilýär. Olaryň her biriniň 
öz orny bolýar. Mysal üçin, olaryň biri tebigat burçunda, beýlekisi ýu-
wnulýan otagda, üçünjisi nahar iýilýän wagtda, dördünjisi sapak wag-
tynda nobatçylyk edýär. Olaryň ýerine ýetirmeli işleriniň hem berk 
düzgünleri ýola goýulýar. 
Naharhanada çagalaryň nobatçylygynyň ýola goýulmagy olaryň 
matematikadan bilim derejeleriniň artmagyna ýardam edýär. Nobat-
çylar her bir stoluň başynda näçe çaganyň oturandygyny dogry sana-
magy başarmalydyrlar we tarelkalaryň, çemçeleriň näçesini goýmaly-
dygyny bilmelidirler. Şeýlelik bilen çagalar hasaplamagy öwrenýärler, 
“köp”, “az”, “deň” diýen düşünjelere iş ýüzünde göz ýetirýärler. 
Tebigat burçundaky ösümliklere gözegçilik etmek bilen çagalar 
olaryň ösüş tapgyryny öwrenýärler. Ýaz paslynda çagalar gül ek-
mek bilen meşgullanýarlar. Olaryň biri ýer depse, beýlekisi mellegiň 
içindäki daşlary we iri çöpleri daşyna çykarýar. Gyş paslynda hem 
çagalaryň zähmetini guramak bolýar. Körpeler terbiýeçiler bilen bile-
likde ýodajyklary gardan arassalaýarlar, gary bir ýere üýşürýärler. 
Köpçülikleýin guralan iş hemmeleri özüne çekýär. 
Çagalaryň her biriniň çeken zähmetine dogry baha bermek örän 
möhümdir. Körpeleriň zähmetine baha berlende, esasy üns olaryň 
öz güýçlerine bolan ynamy ösdürmäge, zähmete höwes döretmäge 
gönükdirilmelidir. 
Biziň ýaş neslimiziň geljekde zähmetsöýer adamlar we jem gy-
ýetiň işeňňir agzalary bolup ýetişmekleri üçin olary diňe belli bir 
bilimler we endikler bilen ýaraglandyrmak ýeterlik däldir. Olarda 
zähmetsöýerligi, zähmet adamsyna hormat goýmagy terbiýelemek 
mö hümdir. 

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling