Çagalar bagynda berilýän ahlak terbiýesi. Adam ahlak taýdan
bütin ömründe terbiýelenýär. Emma onuň mekdebe çenli ýaşyndaky
alan terbiýesi hemmesiniň gözbaşydyr. Çaganyň ýaşlykda öwrenen,
özleşdiren, endik eden ahlak kadalary bütin ömründe yz galdyrýar,
ýadyndan çykmaýar. Şonuň üçin çagalaryň mekdebe çenli döwründe
alýan terbiýesi örän dogry, päk bolmalydyr. Her bir terbiýeçi çagalary
ýaşlykdan ahlak taýdan dogry terbiýelemelidir.
Hemmetaraplaýyn terbiýe alan adamlaryň iň gymmatly tarap la-
rynyň biri-de onuň ahlak sypatlarydyr.
Çaga çagalar bagynda ilkinji ahlak kadalaryny öwrenýär. Maş-
ga lada bolsa öz ata-enelerinden, uly doganlaryndan öwrenýär. Olar
şonda maşgalada we köpçülik ýerlerinde özüňi edepli alyp barmak-
lygy, ýoldaşlary bilen mylakatly bolmaklygy, köpçülik zatlaryny
aýawly saklamaklygy, tebigaty gorap saklamaklygy, öz Watanyňy
çyn ýürekden söýmekligi we uly adamlaryň çekýän zähmetine hor-
mat goýmaklygy öwrenýärler.
Soňky döwürde alymlaryň geçiren barlaglary mekdebe çenli ýaşly
ça ga nyň ilkinji ahlak kadalaryny öwrenmekde örän köp mümkin çi-
likleriň bardygyny görkezdi, olaryň esasynda mazmunyny hem-de
olary öwretmegiň usullary işlenilip düzüldi.
Ahlak terbiýesiniň wezipesi. Çagalar bagynda körpelere beril-
ýän ahlak terbiýesiniň esasy wezipesi olarda ahlak duýgularyny, özüňi
alyp barmagyň gowy endiklerini kemala getirmekden ybaratdyr.
Çaganyň ahlak duýgusy nämeden ybarat?
Çaga özüniň gowy eden zatlaryna begenýär, uly adamalaryň
öwgüsine şatlanýar, ýoldaşlarynyň üstünligine hem begenýär, olara
ýeri gelende kömek etmek isleýär, ulularyň aýdanlaryny bolşy ýaly
ýerine ýetirmek höwesi döreýär. Çaga şeýle-de ulularyň duýduryşyna,
käýinjine gynanýar. Käbir işler bilen ulularyň göwnünden turup
bilmezligine, ýoldaşlarynyň erbet işlerine gynanýar. Ine, çaganyň şu
ýokardaky begençleri we gynançlary onuň ahlak duýgularydyr.
65
Do'stlaringiz bilan baham: |