Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet38/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
çagalaryň terbiýeçisi ýumşak palçykdan şekil ýasamaklygyň aňsat 
düşýändigini göz öňünde tutup, ol gaty palçygyň bir bölegini hem-de 
ýumşak palçygyň bir bölegini çagalaryň eline berýär. Haýsy palçyk 
bilen işläniňde ýeňil bolýandygyny saýlap almaklaryny tabşyrýar. Şe-
kil ýasalyp bolnandan soň, olary çagalaryň ellerine aldyryp, palçyk-
dan ýasalan şekiliň gatylygyny ýa-da ýumşaklygyny aýtmaklaryny 
soraýar. Bu işiň üsti bilen çagalar gaty we ýumşak diýen düşünjäni 
anyklaýarlar. Sensoriki terbiýäniň üsti bilen çagalary daşky tebigat 
bilen tanyşdyrmak hem bolýar. Terbiýeçi çagalar bilen gezelenç gu-
randa, nähili ses eşidýändigini, olara kimiň köp ses eşidýänligini 
oýunlaryň üsti bilen hödürleýär ýa-da çagalaryň gezelenç döwrün-
de bagly ýerlere baranlarynda gülleriň owadanlygyny, olaryň dürli 
reňkleriniň bardygyny synladýar. Şu tejribelikde alan düşünjelerini 
çagalar beýleki sapaklarda hem ulanýarlar. 
4. Çagalar baglarynda okuw işiniň guralyşy
Çagalar bagynda okatmak. Çagalar bagynda okatmak – bu ça-
galary çagalar bagynyň milli maksatnama synda göz öňünde tutulan 
ýönekeý bilimleriň birnäçesi bilen yzygiderli, bir maksat boýunça al-
nyp barylýan pedagogik çäredir. 
Okatmak çagalaryň akyl ýetiriş ukyplaryny ösdürýär. Çagalara 
öw redilýän, berilýän bilim yzygiderli bolmalydyr. Okuw materialy 
çaganyň akylyny, pikirleniş ukybyny ösdürmelidir.
Okatmak çaganyň syn edijiligini, bilesigelijiligini, ugurtapyjyly-
gyny ösdürýär, ol kadaly guralanda çaganyň ahlak, zähmet hem-de 
gözellik terbiýeleriniň dogry guralmagyna kömek edýär. 
Çagalar bagynda körpelere ilkinji medeni-arassaçylyk endikleri 
öwredilýär. Esasy hereketler, özüňi medeniýetli alyp barmagyň 
düz gün leri, zähmeti söýmek, surat çekmek, aýdym-saz ýaly ilkinji 
düşünjeler berilýär.
Okamak çagany mekdep okuwyna taýýarlaýar. Çaganyň okamak 
netijesinde alan bilimleri, başarnyklary we endikleri olarda okuw işi-
niň kemala gelmegine alyp barýar. Mekdebe çenli pedagogika ylmy 
çagalary çagalar bagynda okatmagyň nazaryýetini ylmy taýdan iş-
läp düzýär. Bu ugurdan mekdebe çenli pedagogika ylmynda edilen 
işler örän köpdür. Aýratyn-da çagalary çagalar bagynda okatmak 


60
iii bap
boýunça A.P. Usowa uly işler etdi. Ol çagalary çagalar bagynda 
okatmagyň mazmunyny hem-de usullaryny ilkinjileriň biri hökmün-
de işläp düzdi. Çagalary çagalar bagynda okatmak mekdepde okat-
makdan tapawutlydyr. Hatda onuň mazmuny, gurluş usullary hem 
tapawutlanýar. Mekdepde okuwçylara bilimleriň esaslary öwredilýär. 
Emma çagalar bagynda körpelere ýönekeý düşünjeler ylmy esasda 
öwredilýär.
okuw işi. Çaganyň bilim, başarnyk hem-de endik almagy üçin 
edýän işine okuw işi diýilýär. Okuw işi terbiýeçiniň ýolbaşçylygynda 
alnyp barylýar. Okuw işi öz öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin, 
onuň ýollaryny, mümkinçiliklerini gözlemekdir. 
Çaga meseläni çözmek üçin terbiýeçä örän ünsli gulak as maly 
bolýar. Öz öňünde goýlan meselesini çözmek üçin belli bir dere jede 
özbaşdak pikirlenmek işlerini maksatly alyp barmak ýaly häsiýetler 
gerekdir.

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling