Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet50/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
7. Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň gözellik terbiýesi
Mekdebe çenli ýaşly çagalary gözellik taýdan terbiýelemegiň 
wezipesi we ähmiýeti. Gözellik terbiýesi hemmetaraplaýyn terbi ýä -
niň bir bölegidir. Gözellik terbiýesi çagalaryň şahsyýetinde daş-tö-
we rekdäki, sungatdaky owadanlyklary görmek ukybyny maksatly 
we yzygider terbiýelemekdir. Bu terbiýe çagalara olaryň dünýä inen 
ilkinji günlerinden berlip başlanylýar. 
Gözellik terbiýesi örän giň mazmundadyr. Muňa tebigatda, zäh -
met de, jemgyýetçilik durmuşynda, hojalykdaky we sungatdaky owa -
dan ýagdaýlara gowy düşünmeklik girýär. Sungata düşünmegiň özi 
gözelligiň bir bölegidir. Gözelligiň sungat bilen bagly bölegine çep-
erçilik terbiýesi diýilýär.
Gözellik terbiýesine diňe tebigatdaky, durmuşdaky we sungat 
eserlerindäki gözelliklere düşünmek, duýmak däl-de, eýsem şeýle 
owadanlyklary öz ýaşaýşynda, işinde döretmek hem degişlidir
Çagalarda gözelligi kabul edişiniň we göz öňüne getirişiniň 
ösüşi.
Çaga irki ýaşlardan ýaldyrawuk, açyk reňkli predmetlere, gülle-
re, oýnawaçlara ünsüni gönükdirýär. Olary elläp görmegi, oýnamagy 
gowy görýär. Çaga ýaşlykdan aýdym-saza düşünýär, erteki diňle ýär, 
suratly kitaplary synlaýar. Çaga predmetiň reňki, görnüşi we çykarýan 
sesi bilen gyzyklanyp başlaýar. 
Çaga owadan, özüne täsir ediji zatlary görse şatlanýar. Bu bolsa 
çaganyň içki duýgusyna täsir edýändigini subut edýär.
Çagalarda çeper döredijilik ukybynyň ösüşi. Mekdebe çenli 
ýaşly çaga hekaýa düzmegi, goşgy düzmegi, aýdym aýtmagy, surat 
çekmegi, şekil ýasamagy başarýar.
Çaganyň döredijiligi ilki oýunda ýüze çykýar. Çaganyň döredi-
jiligi surat çekmekde, şekil ýasamakda hem ýüze çykýar. Olar surat 
çekenlerinde, şekil ýasanlarynda daş- töwerekden görenlerini kino-
dan, telewizordan görenlerine esaslanyp hem-de öz düşünjeleri es-
asynda täze zatlary döredýärler.
Biziň Garaşsyz ýurdumyzda çagalaryň çeper döredijiligini ösdür-
meklige aýratyn üns berilýär. Şäherlerde, etrap merkezlerinde çaga-
laryň dürli ugurlardan çeperçilik mekdepleri, dürli gurnaklar işleýär. 


76

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling