68
iii bap
Çagalary şolaryň zähmeti bilen tanyş etmek olarda ilkinji ahlak ter-
biýesini kemala getirýär.
Çagalary daş-töweregimizdäki gözel tebigat bilen tanyş
etmek
hem Watana bolan söýgüdir. Çagalary mümkin bolsa, ekin meýdan-
laryna, daga, çöle, derýa, köllere we ş.m. ýerlere eltip görkezmeli.
Dürli pasyllarda gezelençleri guramak ähmiýetlidir. Her paslyň öz
gözelligi bardyr.
Oba çagalaryny öz obasy, görnükli ýerler, şäher bilen tanyş
etme li. Türkmenistanyň tebigaty barada düşünje bermeli. “Aşgabat
ýur dumyzyň paýtagtydyr” diýen temada ýörite sapak geçir me li. Ça-
galar bagyndaky çagalar ýurdumyzda örän köp milletleriň agzybir
ýaşaýandyklary barada hem dogry düşünje almalydyr. Şonuň üçin
çagalara goňşy, doganlyk milletler barada hem düşünje bermeli. Bu
Watana bolan söýgüdir, şeýle-de dostluk-doganlyk terbiýesidir.
Do'stlaringiz bilan baham: