Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Pedagogikanyň umumy esaslary


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet4/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Pedagogikanyň umumy esaslary
bilen tiflopedagogika, akyl taýdan yza galanlar bilen oligofrenope-
dagogika, sözleýşinde näsazlygy bolanlar bilen logopediýa ylmy 
gyzyklanýar). Ýurdumyzda tebigy ýetmezi bolan çagalar ýörite me-
kdebe çenli çagalar edaralarynda we ýörite mekdeplerde okadylýarlar 
we terbiýelenýärler.
Aýry usullar – aýry-aýry dersleri okatmagyň usulyýeti hem 
pedagogikanyň düzümine girýändir.
Pedagogikanyň taryhy – pedagogika ylmynyň döreýşi we dürli 
döwürlerde ösüşi bilen baglanyşykly meselelere seredýän ylymdyr. 
Pedagogik ylmy barlaglaryň usullary. Pedagogika ylmy hemişe 
ösýän, baýlaşýan ylymdyr. Ol öz-özünden ösmeýär, baýlaşmaýar. 
Pedagogika ylmy birnäçe geçirilýän ylmy-barlaglaryň, syn etmeleriň, 
synaglaryň netijesinde baýlaşýar.
Öz üstünde döredijilikli işleýän terbiýeçiler, mugallymlar usuly 
birleşmelerde, usuly maslahatlarda öz iş tejribeleri boýunça çykyş 
taýynlanlarynda, metbugat çykyşlarynda birnäçe täze usullardan 
peýdalanyp netije çykarmalydyr we halk köpçüligine hödürlemelidir.
Pedagogik ylmy-barlaglaryň şu aşakdaky usullary bardyr:
1. Syn etmek, gözegçilik usuly. Terbiýeçi ýa-da mugallym syn 
etmegiň üsti bilen özüne gerek bolan birnäçe maglumatlary toplap 
biler. Bir gezek syn edip, belli netije çykarmak bolmaz, şonuň üçin 
syn edýän zadyňy 4-5 gezek synlap, öwrenip, umumulaşdyryp belli 
bir netije çykarmaly. Çaga ýa-da okuwçy özüniň synlanýanyny, 
gözegçilik edilýänini bilmeli däldir. Syn, gözegçilik edýäniň takyk 
meýilnamasy bolmalydyr.
2. Sorag-jogap alyşmak ýa-da söhbetdeş bolmak usuly. Ter-
biýeçi ýa-da synag geçirýän adam sorag-jogap alyşmagyň ýa-da 
söhbetdeş bolmagyň üsti bilen özüniň barlag geçirýän işlerine degişli 
jogaplary alyp biler. Meselem, çaganyň sözleýiş diliniň ýagdaýyny 
oňa berilýän soraglaryň üsti bilen bilmek bolar. Çaga bilen söhbetdeş 
bolmazdan öň, ony özüňe gowy öwrenişdirmeli. Şeýle ýagdaýda çaga 
özüne berlen soraglara howlukman, aljyraman, darykman jogap ber-
mäge çalyşýar.

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling