14
i bap
4. Synag etmek, tejribe geçirmek usuly. Barlag geçirýän beýleki
usullardan alan, toplan maglumatlaryny tejribede barlap görýär. Synag
etmek iki hili bolýar: tebigy ýagdaýda ýa-da ýörite enjamlaşdyrylan
otaglarda geçilýär. Ylmy-barlag geçirýän adam synag işini dürli ýer-
lerde, dürli çagalaryň topary bilen geçirip bilýär. Meselem, çagalar
ba gy nyň milli maksatnamasynda körpelere ýaşlary boýunça öwre-
dilmeli zatlar öň 2-3 ýylyň dowamynda ýerlerde (ýurdumyzyň dürli
welaýatlarynda, şäherlerinde) synag edilip görlen, belli netije çykary-
lan maglumatlar ýerleşdirilýär.
Durmuşda mekdep okuwçylary, uly ýaşlylar bilen başga-da
birnäçe usullar ulanylýar, ýöne olar mekdebe çenli ýaşly çagalar bilen
iş geçirilende az peýdalanylýar;
a) ýazmaça
sorag-jogap usuly;
b) mekdep resminamalaryny öwrenmek usuly;
ç) okuwçylaryň ýazuw iş depderlerini öwrenmek usuly;
d) edebi çeşmeleri öwrenmek usuly;
e)
testirlemek usuly;
ä) matematiki usullar we ş.m.
Pedagogik ylmy-barlaglary geçirýän adamyň diňe
bir usuldan
peýdalanmagy ýeterlik däldir. Ol ylmy işi ýazmak üçin birnäçe ylmy-
barlag usullaryndan peýdalanyp, takyk netije çykarýar.
2. Ösüş we terbiýe
Ösüş barada düşünje. Çaga dünýä inen gününden taýýar şahsy-
ýet bolup ýetişmeýär. Adamyň ösüşi beden, psihiki we sosial taýdan
bolýar.
Çaganyň beden ösüşi diýlip, onuň boýunyň kadaly ösmegine,
agramynyň artmagyna aýdylýar.
Çaganyň psihiki ösüşi diýlende, onuň akyl ýetiriş ulgamynyň,
psihologik häsiýetleriniň kämilleşmegine düşünilýär.
Sosial ösüş diýlip, tertibiniň, özüni alyp barşynyň jemgyýetiň ta-
labyna görä üýtgemegine, ýokarlanmagyna aýdylýar.
Ösüş hadysasy diýlip, çaganyň indiwidlik ýagdaýyndan şahsyýet
bolýança hem-de ondan soňra jemgyýetiň bir agzasy hasaplanýança
geçýän ýoluna aýdylýar.