45
Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
arassaçylyk endikleri terbiýelemek çagalar üçin-de, ulular üçin-de
örän zerur terbiýeleriň biridir. Durmuş medenýetiniň ösdügiçe mede-
ni-arassaçylyk endikleriniň talaplary-da ösýär.
Çagalara kiçijiklikden ýaş aýratynlyklaryna görä medeni-arassa-
çylyk endikleri öwredilmelidir. Çagalaryň durmuş tejribeleriniň art-
dy gyça, olar köp zatlara akyl ýetirip başlaýar. Şonda olar köpçülik
ýerlerinde, ýekelikde medeni-arassaçylyk endiklerini dogry ulanmak-
lyga synanyşýarlar.
Çagalarda medeni-arassaçylyk endiklerini terbiýelemek “Türk-
menistanda mekdebe çenli ýaşly çagalara bilim we terbiýe bermegiň
Milli maksatnamasynda” toparlar boýun ça görkezilendir. Meselem,
çagalar bag larynyň kiçi toparla ryn daky körpelere eliňi ýuwmak, çer-
memek, çem çe tutmak we ş.m. öwredilýär. Biraz ulurak çagalara
egin-eşikleri
arassa saklamak, dürtgüç tutmak, agzyňy çaýkamak,
dişiňi ýuwmak ýaly zatlar öwredilýär.
Do'stlaringiz bilan baham: