Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Çagalaryň saglygy üçin ukynyň ähmiýeti


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet30/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Çagalaryň saglygy üçin ukynyň ähmiýeti. Çagalaryň sagdyn 
ösmegi üçin ukynyň uly ahmiýeti bardyr. Uky çaganyň ýadawlygyny 
aýyrýar, kelle beýnisine dynç berýär, sarp edilen güýjüniň üstüni dol-
ýar. Esasan hem uky kiçi ýaşly çagalar üçin örän zerurdyr. 
Çaga çagalar bagynda her gün ýatyrylýar. Olary terbiýeçi parahat 
oýunlaryň üsti bilen kem-kemden uka taýýarlaýar.Naharlamak hem 
parahat ýagdaýda geçirilmelidir. Çagalaryň ýatýan jaýlary ýelejiredi-
len, arassa bolmaly. Her çaganyň özbaşdak bellenen ýeri bolmalydyr. 
Bir çaga niýetlenen ýerde iki bolup ýatmaklyga ýol bermeli däldir. 
Çagalary ukudan ýuwaşlyk bilen turuzmaly. Saglygy gowşagrak 
çagalary köpçülik çagalardan 10-15 minut öň ýatyrmaly, şeýle-de 
uku dan 10-15 minut soňrak turzulsa gowy bolar.
Çagalaryň sagdyn ösmeginde dogry geýindirmegiň ähmiýeti
Geýim çagalary yssydan we sowukdan goraýar. Owadan, gelşikli

arassa geýdirilen geýimler çaganyň özi üçin-de, daş-töwerekdäkiler 


48
iii bap
üçin-de gözellik berýär, göwnüni göterýär. Çaga ony hapalaman
arassa saklamaklyga çalyşýar. 
Çaga geýimleri arassaçylyk talaplaryny ödeýän bolmaly. Emeli 
ma talardan tikilen we dokalan geýimleri çagalara geýdirmek olaryň 
saglygy üçin zyýanlydyr. Çaga geýimleri çaganyň öz göwrelerine 
laýyk bolmalydyr. Eger-de geýimler çaganyň göwresinden kiçi bolsa 
çaganyň gan aýlanyşyna zyýan edýär. Eger-de uly bolsa, onda-da ça-
ganyň arkaýyn hereket etmegine, oýnamagyna päsgel berýär. 
Uly we mekdebe taýýarlaýyş toparynyň çagalary öz geýimlerini 
özbaşdak çykarmaga we geýinmegi başaryp bilmäge endik etmelidir-
ler. Olar öz geýimlerini arassa we tertipli asyp goýmaklygy başarma-
lydyrlar. Çagalar egin-eşiklerini geýenlerinde we çykaranlarynda bi-
ri-birine kömek etmelidirler. Bu häsiýetler çagalarda kem-kemden 
go wy endiklere öwrülmelidir.

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling