Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Çagalar bilen işleri guramak we oňa ýolbaşçylyk etmegiň
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Gezelençleri guramak.
Çagalar bilen işleri guramak we oňa ýolbaşçylyk etmegiň
usul la ry. Terbiýeçi çagalary irden kabul etmegi oýlanyşykly meýil- nama laşdyrmalydyr. Bu döwürde çagalar, köplenç, oýnaýarlar. Terbi- ýeçi ça ga lara oýunlary we oýnawaçlary bir gün öňünden taýýarlaýar. Meselem, 3-4 sany stoluň üstünde 9-10-a golaý oýna waç taýýarlap goýýar. Gyzlar üçin gurjaklar taýýarlanylýar. Çagalar bagyna ir gelen çagalar ýekelikde ýa-da 2-3-den topar- la nyşyp oýnaýarlar. Terbiýeçi çagalaryň özbaşdaklygyny öwrenýär, hö wes lendirýär. Kähalatlarda terbiýeçiniň özi-de çagalara oýnap gör- kezýär. Çagalar bagyna ir gelen çagalara zähmet ýumuşlaryny tabşyrmak hem bolýar. Meselem, güllere suw guýmak, kapasadaky guşjagaza iým ber mek we ş.m. Ir bilen şeýle-de çagalar bilen birnäçe aýratyn- lykda işler geçirilýär. Meselem, 2 çaga goşgyny ýat tutdurýar. Başga birine “R” hem-de “Ş” seslerini dogry aýtmagy öwredýär. Şu hili aýratynlykda geçirilýän işler terbiýeçiniň iş maksatnamasynda gör- kezilmelidir. Gezelençleri guramak. Çagalar bagyndaky gündelik geçilýän gezelençleriň bilim we terbiýe berijilik ähmiýeti örän uludyr. Açyk *4. Sargyt №03 50 iii bap howada hereket etmek, oýnamak çagalaryň iň gowy görýän zatlary- nyň biridir. Çagalaryň açyk howada gezelenç etmekleri olaryň beden saglygy üçin örän peýdalydyr. Açyk howada gezelenç etmek çaganyň bedenini yssa, sowuga öwrenişdirýär, bişişdirýär. Çaga gezelenç wag- tynda oýnaýar, köp hereket edýär. Bu hem olaryň gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Gezelenç çagalaryň akyl taýdan ösmeklerine uly mümkinçilik döredýär. Olar gezelenç wagtynda örän köp täze zatlar bilen tanyş bolýarlar. Meselem, ulularyň çekýän zähmeti, köçe-ýol hereketi, dür- li kysymly ulaglar, howa ýagdaýy we birnäçe täze-täze zatlar bilen tanyş bolýarlar. “Täze bina edilen ýaşaýyş jaýlary, arassa, owadan köçeler, köçe- le riň gyrasyna ekilen agaçlar şäherimize owadanlyk berýär. Biziň ýaşa ýan şäherimiz örän owadan” diýip, terbiýeçiniň öwredýän zat la- rynyň hemmesi ahlak terbiýesidir. Çagalar terbiýeçiniň gezelenç wagtynda tanyş etjek zatlaryny göz leri bilen görýärler, gulaklary bilen eşidýärler. Terbiýeçiniň her bir gezelençde takyk maksatnamasy bolmalydyr. Şol maksatnamany doly berjaý etmäge çalyşmalydyr. Çagalar bagynyň gün tertibinde açyk howada gezelenç etmek gü- nüň dowamynda 2 gezek meýilnamalaşdyrylýar. Gezelençler günüň birinji ýarymynda sapaklardan soň, günorta nahara çenli (takmynan 1,5-2 sagat) agşamlyk gezelenç öýlänlik nahardan soň (takmynan 2-2,5 sagat) geçirilmelidir. Tomsuna onuň dowamlylygy köpeldilip bilner. Çagalar bagynyň meýdança synda her topar üçin niýetlenen ýerleri bolmaly. Şol ýerde oýnamak üçin dürli gülleri ekmek, idetmek üçin dürli mümkinçilikler döredilmelidir. Her toparyň ýeri gyrymsy agaçlar bilen bölünmelidir. Download 0.56 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling