Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Görkezijilik usuly.
Görkezip okatmak düzgüni. Mekdebe çenli çagalara öwredil-
ýän bi lim görkezijilik häsiýetde bolmalydyr, sebäbi mekdebe çenli ýaşly çaga la ryň pikirlenmesi görüş häsiýetdedir. Ý.A. Komenskiý öz işinde şeýle diýýär: – Hemme zady duýgy organlary bilen kabul edip bolýan bolsa, şeýle hem etmelidir (eşidiş, görüş, elläp görüş, dadyp, ysgap görüş). K.D. Uşinskiý şeýle diýýär: – Haýsydyr 5 sany nätanyş sözi çaga öwretjek boluň, ol kyndyr. Emma oňa 20 sany sözi suratlar bilen baglanyşdyryp öwrediň, çaga ony tiz we aňsat öwrener; – Çaga haýsydyr bir zady dilden düşündirjek boluň, ol bu zat- lary kynlyk bilen öwrener, emma kynrak zatlary suratyň kömegi bilen öwretseň, onda ol tiz we çalt kabul eder. 62 iii bap okatmakda aýratynlykda çemeleşmek düzgüni. Okuw mate- rialyny hemme çagalar birsydyrgyn, bir çuňlukda özleşdirip bilmeýär- ler. Gowşagrak kabul edýän çagalara biraz ýeňilräginden başlap öwre- dip baş lamaly. Öz kabul edip biläýjek işlerinden özbaşdak ýumuşlary ber meli. Has çuň we çalt kabul edýänlere goşmaça ýumuşlar tab şyr- maly. Ýan Amos Komenskiýniň aýdyşy ýaly, terbiýeçi çagalary okat- magy ylmy pedagogik we psihologik esasda alyp barsa, işin de üstün- likler gazanyp biler. okatmagyň usullary we tärleri. Terbiýeçi çagalara milli mak- satnama boýunça täze bir zat öwredende, dürli usullary we tärleri peý- dalanýar. okatmagyň usullary – bu terbiýeçiniň çagalara täze bilim, ba- şar nyk we endik öwretmek üçin saýlap alan iň amatly ýoludyr. Tär – bu usulyň görnüşidir. Pedagogikada okatmagyň usullaryny şu aşakdaky görnüşlere böl ýäris: 1. Görkezijilik usuly. 2. Söz usuly. 3. Tejribeçilik usuly. 4. Oýun usuly. Görkezijilik usuly. Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmakda gör kezijilik usuly uly rol oýnaýar. Okatmakda görkezme esbap ulan- mak ylmy talaplaryň biridir. Görkezijilik usuly çagalara täze bilim, düşünje bermekde ulanylýar. Bu usula öwredilýän, okadylýan zadyň hökman özüni görkezmek, dürli görkezme esbaplary (nusgasy, dürli çyzgylar, tehniki serişdeler, telegepleşikler, wi deoýazgylar, magnita- fon ýazgylary) degişlidir. Okatmakda mümkin bolan zatlary sapak geçirilýän otaga geti- rip görkezmelidir. Çagalaryň şol görkezilýän zady hemmetaraplaýyn synlap, kabul etmekleri üçin şert döretmeli (gök önümleri, gülleri, geýim leri we ş.m.). Käbir zatlary, predmetleri gezelenç wagtynda baryp görmeli (baga, baýyrlara, ekin meýdanlaryna, gurluşyklara, us- sahanalara we ş.m.). Durmuşda käbir ýagdaýlarda şol predmeti, zady topara getirip bolmaýar, baryp görmeklige hem mümkinçilik bolmaýar. Şeýle |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling