Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet41/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
ýagdaýlarda çekilen dürli suratlardan peýdalanmaly. Meselem, ýaba-
ny haýwanlar, tokaýlar, deňiz, derýa we ş.m. Şeýle bolanda görkezil-
ýän suratlar uly görnüşde, hemme çagalara görner ýaly bolmalydyr. 
Terbiýeçi sapak wagtynda käbir zatlaryň nusgalaryny görkezýär. 
Meselem, plastilinden,
toýundan şekil ýasalanda, ýelimlemek işle rin-
de, gurnamak işlerinde we ş. m. terbiýeçiniň şeýle etmegi hem gör ke-
zijilige girýär. 
Söz usuly.Bu usul görkezijilik usuly bilen baglanyşykda ulanyl-
ýar. Söz usulynyň many-mazmuny giňdir, uludyr.
1. Gürrüň bermek.
2. Okap bermek.
3. Sorag-jogap arkaly gürrüň bermek. 
Tejribeçilik usuly. Çaga köp täze zatlary tejribeçilikde ýerine 
ýetirip görkezýär we düşündirýär. Çagalar terbiýeçiniň görkezenlerini 
ýerine ýetirýärler we öwrenýärler.
Meselem, tebigat sapagynda güllerden, otag ösümliklerinden kä-
bir tejribeleri geçirip, ösümlikleriň ösüş şertine göz ýetirýärler.
oýun usuly. Bu usul çagalar baglarynda çagalar bilen köp ge-
çirilýär. Muňa öwrediji oýunlar degişlidir. Terbiýeçi öwretjek zady -
nyň mazmunyna görä, usul we tär saýlap alýar. Usul saýlamakda 
çagalaryň ýaş aýratynlygy, olaryň taýýarlygy, terbiýeçiniň ussat lygy 
gerek dir. Şol öwredilmeli zady her terbiýeçi özüçe öz gowy görýän 
usullaryndan peýdalanyp öwredip biler. 
Amaly iş. Çagalary daş-töwerek bilen tanyşdyrmagyň meýilna-
masyny ýazmak we seljermek.
Amaly iş. Akyl terbiýesi boýunça maksatnamanyň wezipesini 
seljermek.
Amaly iş. Bir sapagyň ýazgysyny ýazmak. 
5. Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň ahlak terbiýesi
Ahlak we moral barada düşünje. Ahlak, ahlaklylyk ada myň 
özüni alyp barşyny, gylyk-häsiýetini kesgitleýän kadalardyr. Ol adam-
laryň biri-birine nähili garaýandyklaryny (halka, jemgyýete, döwlete, 
Watana, maşgala we ş.m.), olar bilen baglylykda özüni nähili alyp 
barýandyklaryny kesgitleýär.


64
iii bap
“Moral” diýen söz latynça MOS (moralis), fransuzça morales 
diýen sözden gelip çykandyr.Ol hem “gylyk, ahlak” diýen manyny 
aňladýar. Moral adamyň ahlak taýdan özüni alyp baryş kadalarydyr. 
Moral düzgünleri ahlak kadalarynyň hemmesini däl-de, umumylaryny 
we has möhümlerini öz içine alýar. 

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling