Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Sensor terbiýesiniň mazmuny
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
3. Sensor terbiýesiniň mazmuny
Sensor sözi “sensus” sözünden gelip çykandyr. “Sensor” – bu latyn sözi bolup,“ duýmak” “syzmak” diýen manylary aňladýar. Adam daş-töwerekdäki zatlary duýýar, kabul edýär. Ol töwe rek- däki zatlary näçe gowy we doly duýsa, şonça hem daş-töwerekden köp, doly maglumat alýar. Çagany akyl taýdan gowy terbiýelemek üçin ilki onuň duýuş, syzyş psihiki hadysalaryny gowy ösdürmeli, terbiýelemeli. 57 Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek Çaga ýaşlykdan predmetleri tanap başlaýar, reňkini atlandyrma- gy başarýar. Reňkleriň goşulmagyndan täze reňkiň emele gelşini tejribeleriň we öwrenmegiň netijesinde bilýär. Predmetleri reňkleri boýunça deňeşdirmegi başarýar. Reňkine baglylykda predmetiň çe - per çilik taýdan kabul edilişi üýtgeýär. Sensor terbiýesiniň çagalar üçin ähmiýeti örän uludyr. Reňkleri we şekilleri tapawutlandyryp, olaryň sazlaşygyny, sesleriň beýikligini we pesligini bilip, sungat eserlerine gowy düşünip, onuň gözelligini duýup, lezzet alýar. XX asyryň başlarynda Montessori tarapyndan işle- nilip düzülen sensorik ulgam çagalaryň reňkleri, öwüşginleri hem-de şekilleriň ululyklaryny tapawutlandyryp bilmekligine niýetlenendir. Ol didaktiki materiallardan peýdalanyp, çagalarda özüne erk etmek duýgularyny ösdürmegi, ýagny çagalaryň mugallymsyz özbaşdak okuw bilen meşgullanmagyny öwredýär. Emma muňa garamazdan, duýuş organlary çagalaryň söz leýşi we pikirlenişi bilen baglanyşykly bolmandyr. Bu döwürde çagalaryň bedenlerini ösdürmeklige, pred- metleriň göwrümini we şekillerini, reňkleri tapawutlandyrmaklyga üns berlipdir. Sensorik terbiýäniň meseleleriniň işlenilip düzülmegine Ýeli- zaweta Iwanowna Tiheýewa uly goşandyny goşdy. Onuň işläp düzen materiallarynyň, oýunlarynyň (tebigy materiallar ulanylýan oýunlar) ähmiýeti hem reňkleri, şekilleri tapawutlandyrmak bilen baglydyr. Predmetleriň görnüşleri, hili bilen çagalara oýnuň do wa mynda tanyş- mak maslahat berilýär. Çagalara reňkleri tapa wut landyrmak olary aýdyp bilmek, olaryň gurluşy barada düşünje be rilýär. Reňkleri garyşdyrsaň, ondan täze reňki alyp bolýandygy, ola ryň kömegi bi- len bolsa, sungatyň täze görnüşlerini emele getirip bol ýandygyny öw- redilýär. Çagalar baglarynda çagalara daşky gurşawy öwretmek göz öňün de tutulýar, ýagny olar öňe-yza, ýokaryk-aşak, daş-ýakyn, sag- çep diýen ýaly düşünjeler bilen tanyşdyrylýar. Predmetiň şekillerini, ola ryň göwrümini tapawut landyrýarlar we biri-biri bilen deňeşdirmek hem öwredilýär. Wagtyň geçmegi bilen çagalar wagty kesgitlemegi öwrenýärler, wagt barada düşünje alýarlar. Ilkibaşda çaga “düýn”, “şu gün”, “ertir” 58 iii bap diýen sözleriň manysyny öwretmek kyn bolýar. Bular baradaky düşünje tejribäniň toplanmagy bilen amala aşyrylýar. Sensoriki terbiýäniň düzümine eşidişi ösdürmeklik, sesleri diňletmek we tapawutlandyrmak, predmetleriň görnüşlerini tapawutlandyrmak, olary dogry atlandyryp bilmek girýär. Gündelik durmuşda terbiýeçiniň kömegi bilen sensoriki terbiýe oýunlaryň üsti bilen dürli görnüşde alnyp barylýar. Sensoriki terbiýäniň esasy usuly derňew bolup durýar. Onuň ne- tijesinde çagalar şekilleri tapawutlandyrmagy, predmetleriň reňkini we gatnaşygyny tapawutlandyrmagy öwrenýärler. Çagalara sen soriki etalonlar barada düşünje bermek sensoriki terbiýäniň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Sensoriki etalonla- ra taryhy-jemgyýetçilik tejribeçilikde ýygnalan nusgalyklar, şar, kub, tegelek, kwadrat we şuňa meňzeşler mysal bolup bilýär. Eger-de çaga şu etalonlar bilen tanyş bolsa, onda ol olaryň manylary bilen hem ta- nyş bolýar hem-de oňa daşky gurşawy özleşdirmeklik aňsat bolýar. Terbiýeçi çagalary derňew usullary bilen tanyşdyrýar. Ýagny haý sydyr bir şekili çekmeklik üçin onuň nähili böleklerden durýandy- gy ny bilmeli. Onuň nusgasyny seljermegi öwredýär. Işiň beý leki gör- nüşini taýýarlamak üçin, meselem, zähmete taýýarlamak üçin şoňa görä barlag usullaryny saýlap alýar. Kagyz bilen matanyň düzümini bilmek üçin çagalar kagyzy we matany gysymyna gysanynda nähili sesiň çykýandygyny, suwa basa- nynda nähili görnüşiň emele gelýändigini çagalara synladýar. Derňew çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä geçirilmeli. Kiçi ýaşly çagalar gur- luşy, reňki boýunça ýönekeý predmetleri (top, gurjak), uly ýaşly çaga- lar bolsa, olary gurşap alýan zatlaryň reňkini, göwrümini, agramyny kesgitläp bilýärler. Derňew boýunça yzygider iş geçirýän çagalar predmetiň her bir alamatyny aýdyp bilýärler. Bu bolsa çagalarda geljekde predmetlere içgin seredip, onuň dürli taraplaryny synlamaklygyna hem-de gerek ýerinde ulanmaklygyna ýardam edýär. Terbiýeçi sensoriki terbiýäniň dürli görnüşlerini ulanýar. Şeýlelik de, şekillendirişde çaga reňki we öwüşginleri tapawutlandyr- magy, sa zy diňlemek bilen onuň tempini, ritmini, häsiýetini özleş- dirýär. Pal çyk dan şekil ýasamak boýunça iş geçirilende, kiçi ýaşly |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling