Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet45/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
Terbiýeçi kähalatlarda topardan bir çagany öwýär.
Meselem, Ajap örän arassa we tertipli. Görüň, ol oýnanda eşik-
lerini hapalamandyr, tertipli edip, asyp goýupdyr we ş.m. Ça galar 
hem Ajap ýaly bolmaga çalyşýarlar.
Uly ýaşly çagalar bilen moral temada gürrüňler hem geçirmek 
bolýar. Şonda durmuşdan, çeper eserlerden degişli mysallary getirip 
düşündirmeli. 
Terbiýeçi çagalary terbiýelemekde hemmişe bir usuldan peýda-
lanýan däldir. Ol dürli usullardan peýdalanýar. 
Mekdebe çenli ýaşly çagalarda Watana bolan söýgini terbi-
ýelemek.
Çagalarda Watana bolan söýgini terbiýelemek irki ýaşdan baş-
lan ýar. Çaga maşgaladan, telewizordan, radiodan öz Watany barada 
köp zatlary eşidýär. Bu zatlar çagalarda Watana, Mähriban Preziden-
timize bolan söýgi niň başlangyjyny başlaýar. 
Çagalara Watana bolan çyn söýgini terbiýelemek kem-kemden 
kemala gelýär. Çagalaryň düşünjeleriniň artmagy bilen berilýän bilim 
hem giňelýär. 
Watana bolan söýgi maşgaladan, çagalar bagyndan, ýaşaýan 
obasyndan başlanýar. 
Watana bolan söýgini terbiýelemegiň serişdeleri we usulla ry.
1. Sapaklarda.
2. Baýramçylyklaryň üsti bilen.
3. Çeper edebiýatyň üsti bilen.
4. Duşuşyklary guramagyň üsti bilen.
Watana bolan söýgini terbiýelemegiň mazmuny we wezipesi.
Çagalarda Watana bolan söýgini çagalar bagy maşgala bilen bir-
likde alyp barmalydyr. Watana bolan söýgi maşgalada ata-enesine
doganlaryna, ýakyn adamlaryna bolan söýgüsinden başlanýar. 
Terbiýeçi çagalaryň ata-enesiniň işi, onuň ähmiýeti bilen tanyş et-
melidir. Mümkin bolsa çagalaryň käbiriniň ata-enesi bilen duşuşyklar 
guramalydyr. 
Çagalar baglarynda hem körpeleriň sagdyn we şadyýan bolmak-
lary üçin köp adamlar zähmet çekýärler: müdir, mugallym, terbiýeçi, 
terbiýeçiniň kömekçisi, aşpez, lukman, bagban, kir ýuwujy we ş.m. 


68
iii bap
Çagalary şolaryň zähmeti bilen tanyş etmek olarda ilkinji ahlak ter-
biýesini kemala getirýär.
Çagalary daş-töweregimizdäki gözel tebigat bilen tanyş etmek 
hem Watana bolan söýgüdir. Çagalary mümkin bolsa, ekin meýdan-
laryna, daga, çöle, derýa, köllere we ş.m. ýerlere eltip görkezmeli. 
Dürli pasyllarda gezelençleri guramak ähmiýetlidir. Her paslyň öz 
gözelligi bardyr. 
Oba çagalaryny öz obasy, görnükli ýerler, şäher bilen tanyş 
etme li. Türkmenistanyň tebigaty barada düşünje bermeli. “Aşgabat
ýur dumyzyň paýtagtydyr” diýen temada ýörite sapak geçir me li. Ça-
galar bagyndaky çagalar ýurdumyzda örän köp milletleriň agzybir 
ýaşaýandyklary barada hem dogry düşünje almalydyr. Şonuň üçin 
çagalara goňşy, doganlyk milletler barada hem düşünje bermeli. Bu 
Watana bolan söýgüdir, şeýle-de dostluk-doganlyk terbiýesidir.

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling