Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Çaga zähmetiniň görnüşleri


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet48/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Çaga zähmetiniň görnüşleri. Körpeler çagalar bagynda zähme-
tiň dürli görnüşleri bilen meşgul bolýarlar. Şeýle işler çagalary zäh-
metiň dürli görnüşi bilen tanyş edýär hem-de olarda özbaşdak zähmet 
çekmeklige höwes döredýär. “Türkmenistanda mekdebe çenli ýaşly 
çagalara bilim we terbiýe bermegiň Milli maksatnamasynda” körpelere 
öz-özüňe hyzmat etmek, hojalyk zäh meti, tebigatda zähmet çekmek, 
gol zähmeti boýunça ençeme başar nyklar we endikler öwretmeklik 
göz öňünde tutulýar. 
Öz-özüňe hyzmat etmek. Kiçi we orta toparda zähmetiň bu 
görnüşiniň iň ýönekeýje başlangyçlary öwredilýär. Uly we mekdebe 
taýýarlaýyş toparynyň çagalary el-ýüzlerini ýuwmak, saçyna seret-
mek, geýimleri, aýakgaby arassa saklamak, öz ýatan ýorgan-düşegini 
ýygnamak ýaly hyzmatlary ýerine ýetirýärler. Çagalar özbaşdak ge-
ýin ýärler we çykarynýarlar. Öz geýimlerini, aýakgaplaryny bellenilen 
ýerde tertipli goýýarlar. 


73
Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
Hojalyk zähmeti. Zähmetiň bu görnüşi çagalara toparyň otagy-
ny, çagalar bagynyň içini we daş-töweregini tertipli hem-de arassa 
saklamak barada öwredilen endikler we başarnyklardyr. Çagalar öz 
otaglaryny hepdede bir gezek arassalamak işine gatnaşýarlar, stollary, 
oturgyçlary, şkaflary, penjireleriň öňüni öl esgiler bilen süpürýärler, 
oýnawaçlary ýuwýarlar. Uly toparlaryň çagalary gurjaklaryň geýim-
lerini ýuwýarlar we ütükleýärler. Şunuň ýaly zähmet işleri hepdäniň 
ahyrky günleri günüň ikinji ýarymynda geçirilýär. 
Tomusda bellenilen mellekde gülleri, agaçlary suwarýarlar, ekin-
leri ekýärler, otaýarlar, meýdançadaky çägäni suwlaýarlar. Meýdan-
çany reňkli baýdajyklar bilen bezeýärler. Güýzüne ýodajyklary aras-
salaýarlar, ýapraklary agaçlaryň düýbüne üýşürýärler. 

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling