Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Körpeleri ulularyň zähmeti bilen tanyşdyrmak


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet47/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Körpeleri ulularyň zähmeti bilen tanyşdyrmak. Körpeleri ulu-
laryň zähmeti bilen tanyşdyrmak olaryň zähmete bolan höwesini ös-
dürýär. Olarda uly adamlaryň zähmetlerine bolan hormat duýgusyny 
döredýär. Çagalar zähmetiň adamlaryň durmuşynda oýnaýan roly, sap 
ýürekden zähmet çekmekligiň zerurlygy baradaky ilkinji düşünjeleri 


71
Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
çagalar baglarynda alýarlar. Çagalara zähmet terbiýesini berme-
kde uly nesliň zähmet göreldesiniň uly ähmiýete eýedigini hem-de 
olary ulularyň zähmeti bilen ýakyndan tanyşdyrmagyň zerurdygyny 
N.K.Krupskaýa, A.S.Makarenko we W.A.Suhomlinskiý ýaly görnük-
li pedagoglar belläp geçipdirler. 
N.K.Krupskaýa aýratyn-da çagalaryň ulular bilen bilelikdäki 
çek ýän zähmetlerine ýokary baha berdi. “Bilelikdäki çekilýän zähmet 
olarda toparlaýyn bolmaklygy terbiýeleýär” diýip, ol belledi.
Terbiýeçiler çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny nazarda tutup, olary 
adamlaryň zähmeti bilen tanyş etmelidirler. Öňdebaryjy terbiýeçileriň 
terbiýeçilik işlerini körpeleri hut çagalar baglarynyň işgärleriniň gün-
delik zähmeti bilen tanyş etmekden başlaýarlar.
Bu ýagdaýy göz öňünde tutup, terbiýeçi çagalar bilen bilelikde 
enekeleriň we kir ýuwýan işgärleriň zähmetine syn etmegi öz iş meýil-
namasyna girizmelidir. Çagalar bilen olaryň iş prosesine gözegçilik 
etmegi guramalydyr. Olaryň zähmeti hakynda çagalar bilen gürrüň et-
melidir. Ol gürrüňinde çagalar bagynyň işgärleriniň zähmetini mysal 
getirýär. Mundan başga-da çagalarda ulularyň zähmetine hormat 
goýmagy terbiýelemek üçin körpeler bilen howly süpürijiniň işine 
gözegçilik etmeklerini guramaly. Şonda körpeler howludaky ýaprak-
lary, kagyz böleklerini ýygnamakda howly süpürijä höwes bilen 
kömek bererler. 
Çagalar işläp bolanlaryndan soň, terbiýeçi olar bilen gürrüň 
geçirmelidir. Olara eden işleriniň peýdasyny düşündirmelidir. Şol 
bir wagtyň özünde hem howlynyň içine kagyz we beýleki zatlary 
taşlamaly däldigini, eger gereksiz zatlar çem gelen ýerlere zyňlyp 
ýörülse, howlynyň içiniň hapa boljakdygyny çagalara birin-birin ýat-
latmalydyr. Terbiýeçiniň çagalar bilen geçiren gözegçiligi hem-de eden 
gürrüňi olaryň howly süpürijiniň zähmetine has oňat düşünmeklerine, 
çagalar bagynyň meýdançasyny arassa saklamaklygyna ýardam ber-
ýär. 
Körpeleriň aglabasy öz ata-eneleriniň nirede işleýändiklerini bil-
ýärler. Emma olar ata-eneleriniň öz zähmeti arkaly nähili peýda ge-
tirýändiklerini ýüzleý göz öňüne getirýärler. Şonuň üçin-de çagalara 
öz ata-enesiniň önümçilikdäki we öýdäki zähmetini hormatlamaly-
dygyny düşündirmelidir. Çagalara öz öýlerinde gap-çanak ýuwmak-


72
iii bap
da, jigisine seretmekde, öý goşlaryny tertibe salmakda, öý guşlaryny 
idetmekde ata-enesine kömek bermeklerini hem öwretmelidir. Olar-
dan öz oýnaýan oýnawaçlaryny oýnap bolanlaryndan soň, tertipläp 
goýmaklary talap edilmelidir. 
Emma ata-eneleriň käbiri çagany öý hojalygyndaky işlere çekme-
giň terbiýeçilik taýdan uly ähmiýetiniň bardygyna kemter düşünýär. 
Terbiýeçiler şeýle ata-enelere çagalary terbiýelemekde zähmetiň 
uly ähmiýetiniň bardygyny düşündirmelidir. Körpeleriň öýde we ça-
galar bagynda öz-özüne hyzmat etmelidikleri, ululara öz güýçýeter 
işleri boýunça kömek bermelidikleri barada hem ata-enelere düşün-
dirmelidir. 
Terbiýeçi çagalardan her duşenbe günleri geçen dynç alyş gün-
lerinde öz ejelerine nähili kömek berendiklerini sorap durmaly. 
Oba ýerlerinde körpeleri maldarlaryň, gurluşykçylaryň, mugal-
lymlaryň we beýleki işgärleriň işleri bilen tanyş etmek bolar. Bu işler 
meýilnama boýunça we yzygider alnyp barylmalydyr. 
Terbiýeçiniň bu geçirýän işiniň has düşnükli we peýdaly bol-
magy üçin käbir hünärli adamlar bilen gyzykly duşuşyklar guramaly. 
Olaryň işleýän ýerlerine baryp görmeli. Olaryň öndürýän önümleri 
bilen içgin tanyşmaly. Terbiýeçi bu işleri usuly taýdan dogry gurasa, 
körpelerde zähmetsöýerligi terbiýelemegi başarar. 

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling