Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
Bir mysal, çagalar meýdançada oýnap ýörler. Oraz diýen çaga
pökgi oýnap ýör. Geldi diýen çaga geläge-de, Orazy urup goýberip,
onuň pökgüsini alyp gidýär. Oraz aglap galýar. Meret diýen çaga Ora-
zy köşeşdirýär. Oňa öz oýnap oturan maşynjygyny berýär we kelle-
sinden sypaýar. “Al, Oraz, sen aglama, ine, şu maşynjygy oýnaber”
diýip gidýär.
Meret diýen çagada ýoldaşyňa kömek etmek, düzgüni bozýany
ýazgarmak duýgusy bar.
4-5 ýaşly çagalaryň ahlak duýgulary aňly, düşünjeli häsiýete eýe
bolup başlaýar. Olar indi Watan näme?, Ony näme üçin söýýäris?
Biziň Prezidentimiz kim? diýen ýaly soraglara aňly düşünýärler.
Mekdebe çenli uly ýaşly (6-7) çagalaryň ahlak duýgulary has çuň-
dur we giňdir. Indi olar nämäniň gowudygyna, nämäniň erbetdigine
aňly düşünýärler. Indi olaryň Watana, Mähriban Prezidentimize bolan
hormat duýgulary has giň bolýar. 6-7 ýaşly çagalar ulular, ýoldaşlary
bilen mylakatly salamlaşýarlar, sagbollaşýarlar. Kömek edilen zat
üçin “sag bol” aýtmagy endik edýärler.
Çagalar bagynda berilýän ahlak terbiýesiniň mazmuny. Ça-
galar bagynda ahlak terbiýesiniň mazmuny “Türkmenistanda mekde-
be çenli ýaşly çagalara bilim we terbiýe bermegiň Milli maksatnam-
asynda” görkezilendir. Çagalary ah lak taýdan terbiýelemeklik çagalar
baglarynda alnyp barylýan ähli terbiýeçilik işleriniň üsti bilen alnyp
barylýar.
Çagalary ahlak taýdan terbiýelemegiň mazmuny şu aşakdaky lar-
dan ybaratdyr.
Watana bolan söýgini terbiýelemek, türkmen halkyna, onuň çek-
ýän zähmetine çäksiz söýgini terbiýelemek, medeniýetliligi terbi-
ýelemek, moral sypatlary terbiýelemek. Ine, şu aýdylanlar ahlak
ter biýesiniň mazmunyna degişlidir. Çagalary ahlak taýdan terbiýele-
meklik oýunda, zähmetde, sapaklarda, gezelençlerde we başga-da
ähli işlerde amala aşyrylýar.
Do'stlaringiz bilan baham: |