Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Çagalaryň tebigat bilen bagly zähmeti


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet49/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Çagalaryň tebigat bilen bagly zähmeti. Çagalar ösümlikleri 
ösdürmek, haýwanlary idetmek boýunça ilkinji düşünjeleri öwrenýär-
ler. Çagalaryň tebigatda zähmet çekmeginiň terbiýe berijilik ähmiýeti 
örän uludyr. Tebigatda zähmet çekmek çagalarda syn edijiligi ös-
dürýär, daş-töwerekdäki hemme janly-jandarlar barada alada etmek 
duýgusyny döredýär. Çagalaryň tebigatda zähmet çekmegi olaryň be-
den taýdan hem kadaly ösmegine oňat kömek edýär. 
Kiçi toparyň körpeleri uly adamlaryň kömek bermegi bilen 
akwariumdaky balyjaklary iýmitlendirýärler, jaýdaky güllere suw 
guýýarlar. Körpeler noýba, günebakar, gawun, garpyz, kädi ýaly 
ekinleri ekýärler. Çagalar bagynyň bakjasynda ösdürilip ýetişdirilen 
miweleri, gök-önümleri ýygnamaga gatnaşýarlar. Terbiýeçi zähmet 
döwründe körpelere täze düşünjeleri berýär, sözleýiş dilini ösdürýär. 
Mysal üçin, “Hany, kiçijik ýaprak?”, “Hany, uly ýaprak?”, “Bägülde 
näçe gül açylypdyr?” we ş.m. 
Orta toparyň çagalary otagdaky ösümliklere özbaşdak suw guý-
ýarlar, janly burçdaky jandarlar üçin iýmit ýygnaýarlar. Terbiýeçi 
haý sy haýwana nähili iýmitiň gerekdigini düşündirýär. 
Uly we mekdebe taýýarlaýyş toparynyň çagalarynyň tebigatda 
çekýän zähmeti biraz çylşyrymlaşýar. Olar meýdançada we tebigat 
bur çunda ýylyň dowamynda zähmet çekýärler. Olar ösümliklere 
we haýwanlara seretmegiň käbir düzgünleri bilen amaly ýagdaýda 


74
iii bap
tanyş bolýarlar. Çagalar güýzüne ýere gaçan ýapraklary ýygnama-
ga gatnaşýarlar. Olar birýyllyk we köpýyllyk ösümlikleri idetmegi 
öwrenýärler. Köpýyllyk gülleriň düýbüni ýumşadýarlar. Gyş aýyn-
da meýdandaky guşlary iýmitlendirmäge gatnaşýarlar. Irki baharda 
suwly gapda şahajyklar goýup, onuň pyntyklaýşyna syn edýärler. 
Ýazyna ýerleri ýumşatmaga, joýa çekmäge gatnaşýarlar. Dürli gülleri 
oturdýarlar we olary idedýärler. Gülleri, gök ekinleri otamagy, peýda-
ly otlar bilen haşal otlary tapawutlandyrmagy öwrenýärler. 
Çagalar bagynda körpeleriň talabalaýyk zähmet çekmekleri üçin 
zerur bolan şertler döredilmelidir. 
Gol zähmeti. Çagalar karton, kagyz, agaç we beýleki ýerli tebigat 
materiallaryndan ( gamyş, hyşa, miweleriň şänikleri), matalaryň, 
derileriň galyndy bölejiklerinden dürli oýnawaçlary we beýleki 
zatlary ýasaýarlar. Çagalar gol zähmetinde ýasan oýnawaçlaryny dürli 
oýunlarynda yhlas bilen oýnaýarlar, olaryň käbirini öz gowy
görýän 
adamlaryna ýadygärlik berýärler. 
Nobatçylyk. Bu çagalaryň zähmetini guramagyň iň peýdaly we
ähmiýetli gör nüşleriniň biridir. Çagalar zähmetiň dürli görnüşine 
gatnaşýarlar. Nobatçylygyň terbiýe berijilik ähmiýeti örän uludyr. 
Olar özüne tabşyrylan işi birkemsiz ýerine ýetirmeklige çalyşýarlar. 
Şeýle ýagdaý çagalarda öz ýoldaşlarynyň öňünde jogapkärçiligi ter-
biýeleýär. 
Nobatçylyk orta topardan başlanýar. Çagalar ilki bilen nahar 
iýmekde nobatçylyk edýärler. Bu ýagdaýda her bir stola bir nobatçy 
ýa-da hemme topara iki-üç çaga nobatçy bellenilýär. 
Bu toparyň çagalary ikinji ýarym ýyldan sapak wagtynda no-
batçylyk etmäge başlaýarlar. Terbiýeçi 2-3 çagany sapaga taýýarla-
mak üçin öz ýanyna kömekçi edýär. 
Uly we mekdebe taýýarlaýyş toparynyň çagalary bulardan başga-
da, tebigat burçunda nobatçylyk edýärler. Nobatçylyk edýän çagalar 
üçin öňlük (fartuk) bolsa gowy bolar. 
Amaly iş. Aýry toparlarda çagalar bilen zähmet işini guramagyň 
maksatnamalaýyn talaplaryny derňemek we seljermek.


75

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling