Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Maksatly gezelençler, olaryň ähmiýeti


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet33/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Maksatly gezelençler, olaryň ähmiýeti. Terbiýeçi toparyň çaga-
laryny jemgyýetçilik durmuşy, tebigatdaky bolýan üýgetgeşmeler 
bil en ýakyndan tanyş etmek üçin çagalar bagyndan daşary mak satly 
gezelenç guraýar. 
Çagalar bagynyň kiçi toparynda şeýle gezelenç hepdede bir ge-
zek geçirilýär. Olar çagalar bagynyň golaýyndaky köçeler, onda ýer-
leşen jemgyýetçilik jaýlary bilen tanyş bolýarlar. 


51
Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
Orta toparyň çagalary maksatly gezelenje hepdede iki gezek 
gidýärler. Çagalar bagynyň golaýyndaky köçeler bilen daş bolmadyk 
aralyga gezelenç edýärler. 
Maksatly gezelençlerde terbiýeçi çagalar bilen dürli gyzykly 
oýunlary oýnaýar, käbir çagalar bilen aýratynlykda dürli ýumuşlary 
ýerine ýetirýär. 
Çagalar bagynda günüň ikinji ýarymynda geçirilýän işler. Ça -
galar bagynda günüň ikinji ýarymynda körpeler ukudan turýarlar, ýu-
wunýarlar, öýlänlik iýýärler we öýlänki gezelenje taýýarlyk gör ýärler. 
Çagalar bilen bedeni bişişdirmek işleri, medeni-sag lyk endiklerini 
terbiýe lemek işleri geçirilýär. Günüň ikinji ýarymyn daky wagtyň 
köpüsi oýun oýnamaga meýil na malaş dy rylýar. Dürli sahnalaşdyrylan 
oýunlar, çagalaryň doglan gün le rini bellemek, dürli multfilimlere 
tomaşa etmek ýaly gyzykly gö wnaçmalar guralýar. Günüň ikinji ýar-
ymynda ata-eneler bilen işler geçirilýär.
2. Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň akyl terbiýesi.
Çagalar bagynda okatmak
Akyl terbiýesiniň zerurlygy we ähmiýeti. Akyl ösüşi. Terbi-
ýe çilik çäreleriniň netijesinde çagalaryň ýaş aýratynlyklary boýunça 
akyl ösüşi amala aşýar. Çaga mekdebe çenli döwründe öwredilýän 
bilimleri kabul edýär, sözleýşi ýüze çykýar, akyl ýetiriş hadysalary 
kämilleşýär. Çaganyň akyl taýdan ösüşine durmuş, daş-töwerek bilen 
tanyşdyrmak örän uly täsir edýär. Çaga bu döwürde daş-töwerek bilen 
ýakyn aragatnaşyk edip, täze-täze söz leri öwrenýär. Çaga mekdebe 
çenli döwründe öz pikirini özbaşdak beýan etmegi başaryp bilýär. 
Çaganyň akyl taýdan ösüşi onuň işlerinde ýüze çykýar, ýagny 
il ki geplemeginde, predmet işlerinde, oýunlarynda, soňabaka okuw 
işle rinde, zähmet işlerinde, önüm berýän işlerinde ösýär. Çagalaryň 
akyl taýdan ösmeginde okatmak we terbiýelemek işi has ähmiýetli 
hasaplanylýar. 
Häzirki zaman pedagogika ylmy çaganyň akyl taýdan ösüşini 
,onuň bilimleriniň ulgamyny öwrenmek bilen döredijilikli pikirlen me-
siniň ösüşini akyl ýetiriş işiniň kemala gelşi bilen kesgitleýär.


52
iii bap
Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň akyl terbiýesini dogry guramak 
üçin onuň kanunlaryny we mümkinçiliklerini gowy bilmek gerek. 
Şoňa esaslanyp, çagalary akyl taýdan terbiýelemegiň mazmunyny
maksadyny we usullaryny kesgitlemek bolýar.
Pedagogika we psihologiýa ylmy çagalary akyl taýdan terbiýe-
lemegiň kanunlaryny we mümkinçiliklerini öwredýär. Şeýle-de bu 
ylymlar mekdebe çenli ýaşly çagalara akyl taýdan terbiýelemegiň iň 
gowy ýollaryny tapmaga, çagalaryň güýçleriniň ýetmegine laýyk gu-
ramagy salgy berýär. 

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling