Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Günüň birinji ýarymynda geçirilýän terbiýeçilik işleri
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
Günüň birinji ýarymynda geçirilýän terbiýeçilik işleri. Çaga-
lary çagalar bagyna irden kabul etmegiň uly terbiýeçilik ähmiýeti bar dyr. Bu işi terbiýeçiniň dogry guramagy çagalaryň bütin günüň dowaynda işjeň hem-de höwesli bolmagyna kömek edýär. Terbiýeçi psihologik taýdan syn ediji bolmalydyr. Her bir çaga- nyň ýagdaýyny, ukybyny bilip, iş tabşyrmalydyr. Öz gezeginde ter- biýeçiniň özi-de öz psihiki ýagdaýyny çagalara bildirmeli däldir. Ça- galary çagalar bagyna örän mylakatly, örän mähirli, güler ýüz bilen kabul etmelidir. Çagalar hem synçy we duýgur bolýarlar. Käbir çagalar çagalar bagyna keýpsiz gelýärler. Terbiýeçi şeýle çagalary oýna ugrykdyryp goýberýär. Käbir çaga çagalar bagyna keýipsiz gelip, aglap otursa, onda şeýle çagalary özbaşdak oturdyp, köşeşdirýär we oýna ugrykdyrýar. Çagalaryň çagalar bagyna keýpsiz, höwessiz gelmekleriniň dürli sebäpleri bardyr. Birinjiden, çagalar bagyndaky alnyp barylýan terbiýeçilik işleri pes bolup, çaga olardan kanagatlanmadyk wagtynda. Ikinjiden, ata-ene işe howlugyp, çagasyna käýeýär, ukudan oýar ýar. Şeýle bolanda terbiýeçi çagalary köşeşdirmelidir, gyzykly oýun- lar oýnatmalydyr. Çagalary çagalar bagyna kabul edilýän ýerler ýagdaýa we pasyl- lara görä bolmalydyr. 49 Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek Türkmenistan döwletimiziň howa ýagdaýyna görä, çagalar bagy- na köplenç ir 7 00- den 8 30 -a çenli kabul edişlik geçirilýär. Şonuň üçin terbiýeçi çagalar bagyna öz wagtynda gelmelidir. Çagalary kabul et- mek howanyň gowy wagtynda meýdançada, howanyň sowuk, ýelli wag tynda jaýda, otagda geçirilip bilner. Çagalar kabul edilende olaryň daş keşbine, daşky ýagdaýyna go wy syn etmelidir. Terbiýeçi çagalaryň geýimlerine, saçlaryna, ýüz- gözlerine syn edýär. Gerek bolsa olary düzetmäge kömek edýär. Kiçi topardan başlap, çagalar bagyna gelenlerinde salamlaşmagy öw ret- meli. Çagalar bagyna gelende çagalary şepagat uýasy ýa-da lukman seredip, gözden geçirýär. Eger-de olar bolmasa, onda terbiýeçiniň özi gözden geçirýär. Synçy terbiýeçi her gün görüp ýören çagasynyň sag- dyn ýa-da näsagdygyny bir görenden kesgitläp bilýär. Eger-de çaga näsag bolsa, çagalar bagyna kabul edilmeýär. Çaga ata-ene gidenden soň näsaglasa, onda ata-enesine tiz habar edilýär, olar gelýänçä, luk- mana ýüz tutýarlar.Çagalar bagyna 3-4 günden soň gelen çagalar diňe lukmanyň rugsat haty boýunça kabul edilýär. Download 0.56 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling