Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Akyl terbiýesiniň maksady we wezipesi
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Akyl terbiýesiniň serişdeleri.
- Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek Daşky durmuş bilen tanyşdyrmak.
Akyl terbiýesiniň maksady we wezipesi. Akyl terbiýesi – bu
uly adamlar tarapyndan çaganyň akyl işini, pikirleniş ukybyny ös- dürmäge gönükdirilen işidir. Akyl terbiýesiniň esasy maksady çagalara ýaş aýratynlyklary boýunça taş-töwerege akyl ýetiriş hadysalaryny ösdürmekden, olary mekdep okuwyna birkemsiz taýýarlamakdan ybaratdyr. Akyl terbiýesi çagalara ýaş aýratynlygy boýunça daş-töwerek barada düşünje bermekdir. Çagalar bagynda akyl terbiýesi aýratyn-da çagany mekdep oku- wyna taýýarlamak üçin zerurdyr. Çagalary çagalar bagynda akyl taýdan terbiýelemegiň mazmuny mekdebe çenli ýaşly çagalara bilim, terbiýe bermegiň milli maksatna- masynda görkezilendir. Çagalar bagynda akyl taýdan terbiýelemegiň maksady şu aşakdakylardan ybaratdyr: – daş-töwerek barada dogry düşünje bermek; – akyl ýetiriş psihiki hadysalaryny ösdürmek (duýmak, kabul et- mek, syzmak, pikirlenmek, hyýal). – bilesigelijiligini we akyl işi bilen meşgul bolmak höwesini, ukybyny ösdürmek. Akyl terbiýesiniň serişdeleri. Mekdebe çenli ýaşly çagalary akyl taýdan terbiýelemegiň serişdeleri oýun öwretmek ýa-da okatmak, zähmet, hojalyk işleridir. Çaganyň gündelik durmuşy näçe köptaraply bolsa, onda onuň daşky durmuşa akyl ýetirişi hem hemmetaraplaýyn bolar. Çaga işiň ähli görnüşlerinde hem özünden uly adamlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolýar. 53 Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek Daşky durmuş bilen tanyşdyrmak. Çagalary daşky durmuş bilen tanyş etmek olary akyl taýdan terbiýelemegiň esasy serişdesidir. Çagalaryň daş-töwerekdäki adamlar, dürli zatlar, janly we jansyz tebigat, jemgyýetçilik durmuşy bilen ýakyndan tanyş bolmagy olary akyl taýdan ösdürýär, gözýetimini giňeldýär. Şeýle-de uly adamlaryň gürrüňleri, radio we teleýaýlymda berilýän gepleşikler hem çagalaryň daş-töwerek baradaky maglumatlaryny baýlaşdyrýar. Çagalar gündelik durmuşda dürli zatlardan peýdalanyp, olaryň atlaryny öwrenýärler, olaryň häsiýetlerini, näme üçin gerekdigini bilýärler. Meselem, çotga, reňk, kagyz, galam surat çekmek üçin gerek, pil, orak, dyrmyk meýdanda işlemek üçin gerek, çäýnek, käse we tarelka toýundan ýasalandyr. Çemçe, dürtgüç, pyçak demirden edilendir. Ol eliňden gaçsa-da döwülýän däldir. Terbiýeçi şonuň ýaly käbir düşünjeleri diňe sapakda däl-de, başga wagtlarda hem öwredýär. Meselem, Geldiniň başgaby ýüňden dokalypdyr, ol kelläňi örän ýyly saklaýar. Amanyň başgaby deriden tikilipdir. Ol hem örän ýyly bolýar we ş.m. Çaga daş-töwerekden örän köp täze düşünjäni tebigata syn et- mek arkaly alýar. Olar gülleriň, dürli ösümlikleriň ösüşlerini, guşla- ryň, mör-möjekleriň gündelik durmuşyny synlanlarynda örän köp täze düşünje alýarlar. Meselem, agaç pyntyklady, agaç ýapraklady, güller açylyp başlady we ş.m. Çagalaryň tebigata gündelik syn et- megi olarda şahsyýetiň örän gowy häsiýetini emele getirýär. Çagalar eýýäm mekdebe çenli döwürden ösümlikler, haýwanlar we tehniki serişdeler bilen gyzyklanyp başlaýarlar. oýun. Oýun mekdebe çenli ýaşly çagalaryň esasy işi bolup, ola- ryň akylyny ösdürmekde uly ähmiýeti bardyr. Mazmunly-rolly oýunlar çagalaryň daş-töwerek baradaky göz- ýetimini giňeldýär, sözleýşini ösdürýär. Sahnalaşdyrylan oýunlar çagalaryň eseriň mazmuny hakynda çuň dü şünjelerini, sözleýşini baýlaşdyrýar. Gurluşyk oýunlary çagalaryň geometrik şekiller baradaky dü- şünjelerini baýlaşdyrýar. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling