Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Çaganyň sagdyn ösmeginde dogry iýmitlenmegiň ähmiýe-
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
Çaganyň sagdyn ösmeginde dogry iýmitlenmegiň ähmiýe-
ti. Çaganyň beden taýdan sagdyn ösmeginde dogry guralan iýmitiň uly ähmiýeti bardyr. Iýmit adamy ýaşadýandyr, hereket etdirýändir, pikirlendirýändir. Çaga bedeni has çalt ösýär. Ösmek üçin bolsa, gowy iýmitlen- mek gerekdir. Çaga kadaly naharlansa, çalt ösýär. Eger-de ýaramaz iýmitlense, gowşak ösýär, hor, reňki öçük bolýar. Gereginden artyk naharlanmak hem zyýanlydyr. Ýaş çagalaryň iýmiti ulularyňky dan ta pa wutlydyr. Olaryň düzüminde süýt, üwelen etler, ir-iýmişli zat lar bolmalydyr. Mekdebe çenli ýaşdakylaryň nahary ulularyňka golaý bolup biler. Nahar çagalara dogry guralyp, wagtynda berilse, has peýdaly bolýar. Nahar iýiljek jaý ýelejiredilen hem-de arassa bolmalydyr. Çaga lar nahar iýmezlerinden öň asuda ýagdaýda bolmaly. Eger-de olar ýadaw ýa-da galmagally oýunlary oýnan bolsalar, onda nahary gowy iýip bilmezler. Çagalar ellerini ýuwup oturýarlar, nahar iýilýän stollar gowy be- zelen bolsa, çaganyň keýpini göterýär, işdäsini açýar. 47 Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek Nahar iýilýän gaplar gülli, çemçeleri ortaça we dürtgüçler ýörite çagalara niýetlenilen bolmalydyr. Miwelerden taýýarlanan süýji suw- lar ýa-da süýt, çaý tutawaçly kürüşgelerde berilse gowy bolar. Terbiýeçi çagalaryň nahar iýşine seredýär. Olardan özlerine sal- nan hemme nahary iýmeklerini talap etmeli. Kiçi çagalara az-azdan dökmän iýmekligi öwretmeli. Ilkibada çemçäni, dürtgüji nähili oňaý- ly bolsa tutmagy öwretmeli. Soňra bolsa düzgün boýunça tutmagy öw ret meli. Nahary agzyňy ýumup çeýnemegi öwretmeli. Käbir çaga- lar işdäsiz iýýärler. Olaryň sebäbini öwrenmeli. Ata-eneleri bilen gür- leşmeli.Eger-de işdäsiz bolsa, zorluk bilen iýdirmeli däldir. Çaganyň işdäsiz iýmekliginiň sebäpleri ýarawsyzlygy, ýadawlygy, şol nahary halamazlygy, süýjini köp iýenligi we.ş.m. bolup biler. Ýuwaş, işdäsiz iýýän çagany işdäli, gowy iýýän çagalaryň arasyn- da oturt maly. Nahar gowy edilip alnyp berilmelidir. Meselem, taýýar edilip, çagalara alnyp berilýän naharyň üstüne gök otjagaz goýsaň gowy bol ýar. Çaga naharyna sirke, burç ýaly zatlar goşulmaýar. Çagalara nahar iýip bolanlaryndan soň, öz nahar iýen gaplaryny, beýleki gap-gaçlary bellenen ýerlerine eltip goýmaklygy, ellerini ýuw magy, agyzlaryny çaýkamagy, nahary guýuşdyryp, paýlap berýän enekä “sag bol” aýtmagy öwretmeli. Download 0.56 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling